Russiýa Günorta Kuril adalaryna söweşde ele geçirlen “olja” hökmünde seredýär. Emma Ýaponiýa olary sowet basybaljylygy hem-de Günbataryň päsgelçiligi sebäpli ogurlanan toprak hökmünde garaýar. Ikinji Jahan urşundaky iň soňky ok atyşlykdan 70 ýyl soňra hem 4 sany egrem-bugram adanyň üstünde, iki ýurt henizem çözgüt tapman gelýärler.
Kuril adalary: Näme üçin Ikinji Jahan urşy hiç haçan tamamlanmady?

1
Kunaşir adasynda bir güjüjek “Reuters” habar agentliginiň suratçysynyň ýanyndan aýlanyp gaçyp barýar. Bu ada ruslaryň ýerleşen dört adasyndan birisi, emma Ýaponiýa bu ýeri özüniň demirgazyk territoriýasy hasaplaýar. Kunaşir adasy Ýaponiýadan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

2
Kunaşir adasynda rus zenan dodagyny boýaýar. Adalaryň üstündäki dawalar Ikinji Jahan urşundaky duşmançylygy resmi ýagdaýda ýok etmek üçin, Russiýa we Ýaponiýa arasynda şertnama baglaşylmandygyny aňladýar. Ýerli bir zenanyň belläp geçişi ýaly: “Söweşem ýok, ylalaşygam ýok”.

3
Kuril adalary (ortada) Ýaponiýa we Russiýa arasynda suw damjajyklarynyň yzyna meňzeýär. Iki ýurduň arasyndaky taryhy serhet ýokarky we aşaky ada zynjyrlaryna aýyrýardy. Ýöne Ikinji Jahan urşundan soňra serhet Ýaponiýanyň esasy adasyna tarap süýşürildi.

4
Urşuň soňky günlerinde Birleşen Ştatlar we Beýik Britaniýa Kuril adalaryny Ýaponiýa garşy söweşe girmeginiň öwezine Moskwa bermäge söz berdi.