Russiýa Günorta Kuril adalaryna söweşde ele geçirlen “olja” hökmünde seredýär. Emma Ýaponiýa olary sowet basybaljylygy hem-de Günbataryň päsgelçiligi sebäpli ogurlanan toprak hökmünde garaýar. Ikinji Jahan urşundaky iň soňky ok atyşlykdan 70 ýyl soňra hem 4 sany egrem-bugram adanyň üstünde, iki ýurt henizem çözgüt tapman gelýärler.
Kuril adalary: Näme üçin Ikinji Jahan urşy hiç haçan tamamlanmady?
9
1989-njy ýylda Kunaşir adasynda sowet esgeri. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Kuril adasyndaky ýaşaýjylary bilen adalaryň eýeçiliginiň Ýaponiýa berilmegi hakynda ýasama referendum geçirildi. Adalardaky bir rus resmisi: “Ol adamlaryň köpüsi hiç kim, hiç zat” diýip, gahar bilen ýatlady.
10
Düwlenler Kunaşir adasynda ýüzýärler. Dawaly adalaryň kenaryndaky suwlarda, potensial balykçylyk pudagynda ýylda takmynan 4 milliard dollar gymmatlygynda deňiz durmuşy bar.
11
1990-njy ýyllarda günorta Kuril adalarynyň Russiýanyň eýeçiliginde bolmagynyň peýdasyny gorap çykyş edýän mitinginde rus balykçysy.
12
Ýapon tanky günorta Kuril adalarynyň birinde poslap ýatyr. Söweşde 20 million sowet raýatynyň ölmeginden soňra, nasist Germaniýanyň ýaranyna topraklaryň yzyna berilmek ideýasy, aglaba ruslar üçin pikir edilip bilinmejek zatdy.