Ol SSSR-iň nasist Germaniýadaky ýeňşini kesgitleýän suraty düşüripdi. Ýöne onuň ençeme suratlary sowet propaganda maksatlary esasynda üýtgedildi. Emma Kommunist häkimiýetler ony öwüp taryp etmegiň deregine, 100 ýyl ozal şu aýda doglan Ýewgeni Haldeýi, sowet Soýuzynda antisemitizm ýok edişler zerarly, işini ýitirmezlik ugrunda ençeme gysyşlara sezewar bolupdyr.
Gyzyl goşunyň unudylan suratçysy
6
Gyzyl Goşun armiýasy Wenada patrul gözegçiliginde. Haldeýiň kärdeşi, onuň durmuşdaky hemme tejribeleri suratçylygyndaky stilini ýaňzydýar diýýär. “Bu hem dokumental suratçylyk üçin iň möhüm bolany”.
7
Wenada Haldeýiň aýdýan jenaýaty, Gyzyl goşunyň Awstriýanyň paýtagtyna girýän wagtynda düşürilipdir. Soýuzdaşlaryň nasist topraklaryna giren wagtlary amala aşyrylan köpçülikleýin öz janyňa kast etmek wakalary adaty ýagdaýa öwrüldi.
8
Gyzyl goşunyň esgerleri Berline tarap ýöriş edýärler. Haldeý Ikinji Jahan urşunyň frontunda bolan wagty, 35 millimetrlik obýektiwi bolan “Leica” kamerasyny ulandy.
9
1945-nji ýylda düşürlen Reýhstagyň ýumrulan haly. Haldeýiň suratlarynyň käbirleriniň üstünde örän köp ýamaw işleri geçirildi we olaryň aglabasy propaganda maksatlary esasynda ulanyldy. Ýöne montaž we propaganda arasynda Haldeýiň arhiwi žurnalizmiň tapylgysyz nusgalaryny özünde saklaýar.