Ol SSSR-iň nasist Germaniýadaky ýeňşini kesgitleýän suraty düşüripdi. Ýöne onuň ençeme suratlary sowet propaganda maksatlary esasynda üýtgedildi. Emma Kommunist häkimiýetler ony öwüp taryp etmegiň deregine, 100 ýyl ozal şu aýda doglan Ýewgeni Haldeýi, sowet Soýuzynda antisemitizm ýok edişler zerarly, işini ýitirmezlik ugrunda ençeme gysyşlara sezewar bolupdyr.
Gyzyl goşunyň unudylan suratçysy
14
Moskwanyň Gyzyl meýdanyndaky ýörişde nasist baýdaklary. Baýdaklar Iosif Staliniň aşagyndaky üýşmeleňe zyňylmazdan ozal meýdandan geçirildi. Soýuzdaş döwletleriň nasist Germaniýany ýeňmeginden soňra paranoýýa Sowet dikdatory, özüniň antisemitizm duýgusyny sowet ilatynyň üstünde ýüze çykardy.
16
Murmanskda Ikinji Jahan urşy ýadygärligi Haldeýiň karýerasynyň soňky günlerinde surata düşürlipdir. Kommunist gazeti “Prawdanyň” 1959-njy ýylda ony kireýine işe almagyna seretmezden, ol 1976-njy ýylda ýene-de işden kowuldy. Beýik suratçy ömrüniň soňky günlerini Moskwanyň etegindäki kiçi ýaşaýyş jaýynda geçirdi. Ol 1997-nji ýylda aradan çykdy.