Çehiýaly dostlar topary tas 10 ýyl bäri ozalky SSSR-iň gyrak-bujaklarynda ýerleşen zähmet lagerleriniň galyndylaryny gözleýär.
GULAG awçylary. Çehiýaly dostlar sowet türmelerindäki durmuşy öwrenýär
9
Uzaga gurnalan ekspedisiýalar hemişe aňsat geçmeýär.
10
Çernouşek we onuň topary 2013-nji ýylda ozalky GULAG territoriýasyna geldi, emma ol tokaý ýangynynda weýran bolan eken. Soňra olaryň bu ýere gelen gaýygy orta ýolda döwüldi we syýahat dört gün uzaga çekdi.
11
Çernouşek golaýdaky ilatly nokatdan ýüzlerçe km uzakda, öýjükli aragatnaşyk ýok halatynda syýahatçylaryň özlerini "taýganyň ýesiri" ýaly duýandyklaryny gürrüň berýär. Bagtlaryna, golaýdan geçip barýan motorly gaýyk kömege geldi.
12
Käte barýan ýerlerinde aýylar we beýleki jandarlar hem duşýar, emma olar hiç wagt özlerini goramak üçin tüpeň almaýarlar.