20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
'Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm': Ikinji çeçen urşy
20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
5
Urşuň esasy öjükdirijileriniň ýene biri Moskwadaky we başga-da iki şäherdäki köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesine edilen bomba hüjümleri boldy. Bu hüjümlerde 300-den gowrak adam ölüpdi. Putin bu wakany amala aşyrmakda Çeçenistandaky "terroristleri" aýyplap, uly göwrümli howa kampaniýalaryna başlamagy tabşyrdy. Syrly ýagdaýlar, boljak wakany aklamak üçin bomba hüjümleriniň Kreml tarapyndan planlaşdyrylan bolmagy mümkindigi baradaky hemişelik şübheleriň döremegine sebäp boldy.
6
1999-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Putin Çeçenistana gury ýery hüjümlerini amala aşyrmagy tabşyrdy. Bu harby güýçler 2-nji oktýabrda surata düşürildi.
7
Russiýanyň federal esgerleri çeçen pitneçileriniň pozisiýalaryna ot açýar. Gury ýer hüjümleri artilleriýa oklarynyň güýçli ulanylmagy we howa güýçleri tarapyndan goldanyldy.
8
17-nji oktýabrda çeçen söweşijileri öz tüpeňleri bilen federal güýçleri nyşana alýarlar.