20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
'Dowzaha hoş geldiňiz, II bölüm': Ikinji çeçen urşy
20 ýyl ozal Russiýanyň premýeri ministri Wladimir Putin Çeçenistana harby operasiýany başlatdy.
1
1995-nji ýylda regionyň paýtagty Groznyýda bir adam separatist çeçen baýdagyny galgadýar. 1994-96-njy ýyllarda federal goşun bilen çeçen pitneçileriniň arasyndaky söweşde rus bombalary we beýleki ýaraglary tarapyndan köp jaýlara zyýan ýetipdi. Bu söweş hakykatda Çeçenistanyň öz garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen tamamlandy.
2
1994-nji ýylda çeçen adamy. Kremliň çeçenler bilen asyrlar boýy dowam edýän taryhy konflikti we olara garşy genoside golaý repressiýasy bar. Aleksandr Solženitsyn sowet Gulagyndaky çeçen tussaglaryny "boýun bolmak psihologiýasyny kabul etmegi ret edýän" bir etniki toparyň agzalary diýip häsiýetlendirýär.
3
1996-njy ýylda Groznyýda taýak bilen urulýan bir adam. Urşuň weýrançylygy we ony belli bir derejede yzarlan izolýasiýa Çeçenistany ekstremizmi iýmitlendirýän gurşawa öwürdi.Köçe ýowuzlygy uly problema boldy. 1997-nji ýylda region şerigat kanunyny kabul etdi we jemgyýetçiligiň öňünde temmi beriş çärelerini amala aşyryp başlady.
4
Gozgalaňçylar goňşy Dagystana geçenden soňra, söweşijiler bilen uruşýan rus esgerleri hüjümlere başladylar. Bu Çeçenistanyň ikinji post-sowet urşuny öjükdirijileriň biridi.