Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tokaýew gapma-garşylykly ýadro desgasy boýunça referendum geçirjekdigini aýdýar


Prezident Kasym-Žomart Tokaýew. Arhiw suraty
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew. Arhiw suraty

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň daşky gurşawyna zyýan ýetirmegi baradaky aladalaryň arasynda, kölüň kenarynda gurulmakçy bolýan gapma-garşylykly ýadro desgasy, ýurduň ilkinji ýadro elektrik stansiýasy boýunça referendum geçiriljekdigini aýtdy.

"Ýadro elektrik stansiýasyny gurmak ýa-da gurmazlyk meselesi biziň ýurdumyzyň geljegi üçin gaty möhüm mesele. Şol sebäpden men bu mesele milli referendum arkaly çözülmeli diýip pikir edýärin. Onuň takyk senesini soň kesgitläris" diýip, Tokaýew 1-nji sentýabrda parlament agzalaryna ýüzlenip aýtdy.

Bu elektrik stansiýasynyň, gurlan ýagdaýynda, Gazagystanyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyna garaşylýar.

Russiýanyň “Rosatom” kompaniýasy bu taslama üçin esasy hyzmatdaş bolmagy teklip etdi.

XS
SM
MD
LG