AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #16
![Ermeni paýtagty Ýerewanda 20-nji aprelde müňlerçe adam tapgyr sekizinji gün proteste çykyp, ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşylyk bildirdi. 6- ýaşyndaky Lucine Burtoýan hökümetine binasyny goraýan polisiýa ofiserine ýüzlenip: "Gel bize goşul. Sen näme üçin [Sarkisýan] bilen? Sen näme üçin öz halkyň bilen däl" diýdi. (RFE/RL/Amos Chapple)](https://gdb.rferl.org/D6C13D77-7D1D-4246-A21F-C9061A7FCC30_w1024_q10_s.jpg)
1
Ermeni paýtagty Ýerewanda 20-nji aprelde müňlerçe adam tapgyr sekizinji gün proteste çykyp, ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşylyk bildirdi. 6- ýaşyndaky Lucine Burtoýan hökümetine binasyny goraýan polisiýa ofiserine ýüzlenip: "Gel bize goşul. Sen näme üçin [Sarkisýan] bilen? Sen näme üçin öz halkyň bilen däl" diýdi. (RFE/RL/Amos Chapple)

2
20-nji aprelde ermeni paýtagtynda 200 çemesi protestçi tussag edildi. Olar Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy protest bildirýärdiler. (RFE/RL/Amos Chapple)

3
Seul, Günorta Koreýa. Işçiler 22-nji maýda Buddanyň doglan gününi baýram etmäge taýýarlanyp, Jogye ybadathanasynda çyralary düzedýärler. (AP/Ahn Young-joon)

4
19-njy aprelde Ýerewanda ozalky prezident Serž Sarkisýanyň premýer-ministr saýlanmagyna garşy guralan protestleriň ýedinji gününde 100-den gowrak adam tussag edildi. (Amos Chapple/RFE/RL)