AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #16
14
Tussag edilen belarus modeli Anastasia Waşukewiç, Nastýa Rybka lakamy bilen tanalýar, Taýlanda Pattaýadaky sud binasyndan alnyp gaýdylan wagty polisiýa ulagynda media bilen gürleşýär. Ol orsýetiň 2016-njy ýyllardaky amerikan saýlawlaryna gatyşy diýilýän babatda bilýän zatlarynyň bardygyny aýdýar. Waşukewiç 17-nji aprelde sud jaýyna getirildi. (AFP/Lillian Suwanrumpha)
15
Sankt-Peterburg, pitnä garşy polisiýa 2018-nji ýylda futbol ýaryşy geçiriljek täze stadionda praktika geçýär. (AP Photo/Dmitri Lovetsky)
16
Modeller sahnanyň arkasynda belarus dizaýneri Tatýana Ýefremowanyň döreden lybaslaryny Belarus Moda hepdeliginde görkezmäge taýýarlyk görýärler. Minsk. (epa-EFE/Tatyana Zenkovich)
17
Ýogalanlaryň ýatlama gününde Çernobyl ýadro reaktorynyň töweregindäki zona girýän Orewiçi obasynda ýerleşýän gonamçylykda jaýlanan ýakynynyň suratyny ogşaýan aýal. Bu oba Minskden 390 km uzaklykda ýerleşýär. (AFP/ Maksim Malinovsky)