AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin suratlar. Has köp surat görmek üçin "Picture This archive" arhiwimize gel.
Region görnüşleri # 27
1
Adamlar Stambulda, Atatürk aeroportynda bolan hüjümde we partlamada ýogalan Mohammad Eýmen Demirçiniň tabydyny göterip barýarlar. Bu hüjümde başga-da 40 adam öldi. (AFP/Ozan Kose)
2
Gyzjagazyň başyna gonan guş. Wasilýewskoýe obasy, Moskwadan 90 km günbatarda. (AFP/Sergei Gapon)
3
Agzaçara garaşýan aýal. Pristina. (AFP/Armend Nimani)
4
Pakistan, Karaçi, maliýe alyş-çalyş biržasynyň işgärleri söwda sessiýasy mahalynda dynç alýar. (AFP/Rizwan Tabassum)