AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #35

1
Eýd al-Adha -Gurban baýramy namazyndan soň görüşýän adamlar. Jalalabat, Owganystan. (epa/Ghulamullah Habibi)

2
San Franciskodaky rus konsullygynyň binasy. Rus häkimiýetleriniň Russiýadaky diplomatlarynyň sanyny 455-e çenli azaltmak talabyna jogap hökmünde, Tramp adminstrasiýasy bu konsullygyň we Waşingtondaky we Nýu-Ýorkdaky söwda jaýlarynyň ýapylmagyny buýurdy. (AFP/Justin Sullivan/Getty Images)

3
Haaga, Oksfam Nowib atly garyplyga garşy gurama tarapyndan Hollanda parlamentiniň öňünde goýlan halas ediş keltekçeleriniň ýanyndan arabaly geçip barýan bäbek. Bu keltekçeler hökümete ýüz müňlerçe bosgunyň duşýan jan töwekgelligini ýatlatmaly. (AFP/ANP/Robin Utrecht)

4
Namrah metjidiniň daş işigine ýygnana musulmanlar. Arafat, Saud Arabystany. (epa/Mast Irham)