AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize - Picture This archive gel.
Region görnüşleri #35
13
Hyratda urlan howa zarbasynda ýaralanan owgan gyzy hassahanada bejegi alýar. Owgan hökümeti öz ýaragly günçleriniň "Talybany" nyşana alyp, ýalňyşlykda asuda adamlardan 13 adamy öldürendigini boýun aldy. (AFP/Hoshang Hashimi)
14
Ulag bombasynyň partlamasynda öldürileniň ýasyny tutýan yraklylar. Bagdat, Sadr şäherçesi. (Reuters/Alaa al-Marjani)
15
Kabul, Gurban baýramyndan öň kiçijik zawodda gadymdan gelýän "jelabi" süýjilerini taýynlaýan adam. (Reuters/Mohammad Ismail)
16
Pakistan täjirleri ýol ýakasynda alma satýarlar. Killa Abdullah etraby, Bulujystan welaýaty. (AFP/Banaras Khan)