AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň.
Region görnüşleri #40
1
Gözleg we halas ediş dikuçary astronawtlar Drew Feusteli, Riki Arnoldy (ABŞ) we kosmonawt Oleg Artemýewi (Orsýet) getirýän Soýuz MS-08 hemrasynyň golýaynda gonýar. Gazagystan, 4-nji oktýabr. Bu üç adam Halkara kosmos stansiýasynda alty aý işledi. (Reuters/Maxim Shipenkov)
2
Parlament saýlawlaryna kandidat Haji Hafizullah Jaliliiň Kabul ýolunyň ugrundaky portreti. Ýurduň uzak gijikdirilen parlament saýlawlarynyň kampaniýasy 28-nji sentýabrda başlandy. (AFP/Wakil Kohsar)
3
Paluda, Indoneziýanyň Sulawesi adasynda bolan ýer titremesinde ölen gyzynyň harabalykdan tapylan mobil telefonyny eline alyp aglaýan aýal. Ene öz gyzynyň jesedini hem görüp bilmedi, ol biraz öň doganlyk mazarynda jaýlandy. (AP/Aaron Favila)
4
Paluda bolan ýer titremesi we tsunami mahalynda tekere gapjalyp galan krokodil. Sulawesi, Indoneziýa. 1 müň 400-den gowrak adam ölendir öýdülýär. (AP/Aaron Favila)