AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 48
9
Kiýew. Ukrain milletçileriniň protestleri mahalynda tüsse granatlary bilen hüjüm edilen söwda meýdançasyndan çykyp barýan adamlar. Aktiwistler Ukrainada rus eýeçiligindäki biznesleriň bolmagyna garşy çykdylar. (EPA-EFE/Stepan Franko)
10
"Ölüm çarhynda" ýüzi perdeli motor sürýän hokgabaz. Bangkok, Taýland. (Reuters/Athit Perawongmetha)
11
Kiýew. Sowet döwrüniň rus-ukrain dostlugy ýadygärliginde hudožnikler tarapyndan ýasalan jaýryk. Bu taslama iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň günogar Ukrainada, Kremliň goldawynda turan uruşdan bäri nähili ýaramazlaşandygyna ünsi çekmek üçin döredildi. (AP/Efrem Lukatsky)
12
Hindi işçileri ýetip gelýän Kumbh Mela festiwalyna taýýarlygyň çäginde Gang derýasynyň üstünden ýüzýän köpri gurmak üçin äpet pantonlary ýüp bilen çekip getirýärler. Allahabad, Hindistan. (AP/Rajesh Kumar Singh)