AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionynda düşürilen täsin suratlar. Has kän sergi görmek isleseňiz, "Picture This" arhiwine geliň.
Region görnüşleri # 48
17
Kiýew. Aşa sagçy aktiwistler Orsýet tarapyndan tutulyp saklanan iki ukrain gämisiniň ekipažyna goldaw üçin guralan ýyganyşykda şygarlara gygyrýarlar.(Reuters/Gleb Garanich)
18
Milli lybaslaryny geýen rumynlar Buharestde gurlup gutarylmadyk ybadathanada rumyn halkynyň halas bolmagyna bagyşlanan dini çärä gatnaşýarlar. Bu taslama harçlanan serişde mekdep ýa hasshana gurmaga ugrukdyrylsa gowy bolardy diýen tankytdan soň, dini çärä müňlerçe dindar toplandy. (AFP/Daniel Mihailescu)
19
Migrant zenan elde ýasalan ABŞ baýdagyny Meksika-ABŞ serhedinde derýa ýakasyna galdyrmaga kömekleşýär; Tijunadaky meksikan polisiýasyndan geçen migrantlar Birleşen Ştatlara aşmaga çalyşýarlar. (AP/Ramon Espinosa)
20
Buharest, Rumyniýa. Milli ybadathanada ýalkama çäreleri tamam bolandan soň boş oturgyçda oturyp, telefonda gürleşýän ruhany. (AP/Vadim Ghirda)