AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň..
Region görnüşleri # 7

1
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Iliň ýetip gelýän doglan gününi baýram edýän festiwalda çykyş edýän ýaş buzda typyjylar. Phenýan. (AP/Jon Chol Jin)

2
Bosniýaly horwatlar bu ýylyň karnawal garantagsy hökmünde ozalky Ýugoslawiýa boýunça halakara tribunalynyň prezidenti, sudýa Karmel Agusyň şekilini otladylar. Agius 1992-95-nji ýyllardaky bosniýa urşy mahalynda alty sany bosniýaly horwata horwat däl ilata garşy amala aşyran uruş jeneýatlary boýunça höküm çykaranyndan soň ýigrenji adama öwrüldi. (AFP/Elvis Barukcic)

3
Yslamabatda plastik örtüginiň astynda ýagyşdan goranýan işçi. (AFP/Aamir Qureshi)

4
Bombeýde Söýgüliler gününde ýürek şekilli şarlaryny satjak bolýan çaga. (Reuters/Francis Mascarenhas)