AÝ/AR-nyň gepleşik berýän regionyndan we daşardan düşürilen täsin fotosuratlar. Has köp fotosurat üçin arhiwimize göz aýlaň..
Region görnüşleri # 7
9
Günorta Koreýa, Gangneung, Gyeongpo kenaryndan barýan demirgazyk koreýaly şowhunçylaryň daşy media işgärleri tarapyndan gabaldy. Demirgazygyň 229 şowhunçydan ybarat we "Gözeller goşuny" diýen lakam berlen topary geçen hepde Gyş Olimiýasynyň geçýän Pýonçaň şäherine geleli bäri köp adamyň ünsüni özüne çekdi. (AFP/Ed Jones)
10
Saratow howaýollarynyň Moskwanyň Domodedowo aeroportundan asmana galanda heläkçilige uçran Antonov An-148 uçarynyň bölekleri. Uçaryň bortundaky 71 adamyň hemmesi heläk boldy. (Reuters/Maxim Shemetov)
11
Gazni. Agyr düşen garda köne şäheriň içinden geçip barýan owgan ýaşaýyjylary. (AFP/Zakeria Hashimi)