Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň noýabrdaky saýlawlaryndan soň Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyna garaşýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Birleşen Ştatlardaky saýlawçylar noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda ses berenden soň, öz administrasiýasynyň Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmagyna garaşýandygyny aýtdy.

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Tramp, eger çaknyşygy bes etmek barada ylalaşyga gelinmese, "Yslam Respublikasyny ýok edip biljekdigini" duýdurdy. Şol bir wagtda, ol ylalaşygyň mümkindigine ynanýandygyny sözüne goşdy.

“Meniň kabul etmeli uly kararym bar. Eýran bilen, bu ýurduň dikeldilmegine we öňküden has uly ýurda öwrülmegine mümkinçilik berýän ylalaşyk baglaşylarmy?” diýip, Tramp aýtdy.

"Ýa-da men Yslam Respublikasyny ýok edip, muny çalt amala aşyraýynmy we olara adamlary hem-de ýurtlary gaýtadan öldürmäge we weýran etmäge hiç haçan mümkinçilik bermäýinmi?" diýip, ol sözüne goşdy.

Şeýle-de, ol öz çykyşynda: "Men olary diri galmak mümkinçiligi bolmadyk, öňki şöhratyna gaýdyp gelmek ýa-da nesil dowam etdirmek üçin hiç hili umyt bolmadyk dowzaha itereýinmi? Ýöne men saýlawdan soň derrew ylalaşyk baglaşarys diýip pikir edýärin" hem diýdi.

Tramp Eýrana garşy güýçli hüjümleri başlatjakdygy barada birnäçe gezek haýbat atdy, emma Waşington bilen Tähranyň arasynda ylalaşygyň gazanylmagynyň ýakynlaşýandygyny öňe sürüp, olary ýatyrdy. Şeýle-de, iki tarapyň hem jogap hüjümlerini täzeden başlatmagy bilen, dowamly parahatçylyk ylalaşygy şu wagta çenli gazanylmady.

Iýun aýynda taraplara giňişleýin parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmak üçin 60 gün möhlet berýän özara düşünişmek baradaky memoranduma gol çekildi. Ýöne bu memorandum dessine bozuldy we esasan hem energiýa we sarp ediş harytlary üçin möhüm global üstaşyr ýoly bolan Hormuz bogazynyň töwereginde söweşler täzeden başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG