ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro programmasy boýunça "ylalaşyk baglaşmagy" üçin çagyryşyny gaýtalady we bolmasa ýurduň geçen ýyl ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro merkezlerine eden howa hüjümlerinden "has erbet hüjüm" bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aýtdy.
Trampyň Eýrana garşy harby hüjümler bilen atan haýbaty hukuk goraýjy toparlaryň we neşirleriň aýdyşy ýaly müňlerçe adamyň ölümine sebäp bolan hökümete garşy protestleriň rehimsiz basylyp ýatyrylmagyndan soň edildi.
Soňky günlerde Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogarda reaktiw söweş uçarlaryny, howa goraglaryny we Trampyň "armada" diýip atlandyran güýçlerini ýerleşdirdi, bu hereket Eýran bilen dartgynlylygy güýçlendirdi we bilermenleriň pikiriçe, harby hereketleriň ähtimallygyny artdyrdy.
"Eýran çaltlyk bilen "Stol başyna gelip", ähli taraplar üçin peýdaly bolan adalatly we deňhukukly ylalaşyk - ÝADRO ÝARAGLARY ÝOK etmek barada gepleşik geçirer diýen umyt bar" diýip, Tramp 28-nji ýanwarda sosial mediada ýazan habarynda aýtdy.
"Wagt gutarýar, bu hakykatdanam möhüm! Men Eýrana öň bir gezek aýdyşym ýaly, YLALAŞYGA GELIŇ! Olar şeýle etmediler we Eýrana üçin uly weýrançylyk bolan "Ýary gijeki çekiç operasiýasy" boldy. Indiki hüjüm has erbet bolar!"
ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi 27-nji ýanwarda ABŞ-nyň uçarly gämileri toparynyň Ýakyn Gündogar suwlaryna barandygyny aýtdy.
Trampyň aýdan sözlerinden öň çykyş eden Eýranyň daşary işler ministri Waşington bilen gepleşikleriň harby hereket howplary atmosferasynda geçirilip bilinmejekdigini aýtdy.
28-nji ýanwarda ISNA döwlet habar agentligi Abbas Arakhçiniň "harby howp arkaly diplomatiýany alyp barmak netijeli ýa-da peýdaly bolup bilmez" diýip aýdan sözlerini sitirledi.
Ol soňky günlerde ABŞ-nyň wekili Stiw Witkoff bilen "hiç hili aragatnaşygynyň" ýokdugyny we "Eýranyň gepleşik geçirmek islemeýändigini" sözüne goşdy. Tramp 26-njy ýanwarda “Axios” neşirine beren interwýusynda Tähranyň “köp gezek çagyryş edendigini” aýtdy.
Ykdysadyýetiň çökmegi
Eýran 2025-nji ýylyň 28-nji dekabryndan bäri dartgynly ýagdaýda, parahatçylykly protestçiler Tähranda köçelere çykyp, häkimiýetlerden inflýasiýany we milli puluň gowşamagyny bes etmek üçin herekete geçmegi talap edip başladylar.
Bu protestler tutuş ýurda ýaýrap, has giň gerimli hökümete garşy herekete öwrüldi, häkimiýetler muňa giň gerimli hem-de adam ölümine getiren hereketler bilen jogap berdiler, bu bolsa bütin dünýäde gahar-gazaba sebäp boldy.
Eýranda şu aýyň başynda zorlukly basyşlar başlandan bäri Azatlyk Radiosy tarapyndan yzygiderli salgylanylýan ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasyna görä, ölenleriň tassyklanan sany 6221 adam bolupdyr, bu howpsuzlyk güýçlerini hem öz içine alýar, ölenleriň heniz derňelýän sany 17091 adama barabar, 42 000-den gowrak adam tussag edilipdir.
Dürli habar beriş serişdeleri tarapyndan sitirlenýän resmileriň käbir çaklamalarynda agzalýan sanlar birnäçe esse ýokary.
Ýadro ylalaşygy başa barmady
Eýran 2015-nji ýylda möhüm ylalaşyga - Bilelikdäki giňişleýin hereket meýilnamasyna (JCPOA) - razy bolupdy, dünýä döwletleri onuň ýadro ýaragyny döretmeginiň öňüni almak üçin ykdysady sanksiýalary ýeňilleşdirmegi maksat edinipdi.
Emma Tramp ilkinji prezident möhletinde 2018-nji ýylda Birleşen Ştatlary ylalaşykdan çykaryp, Tährana garşy agyr sanksiýalary täzeden girizdi.
Eýran 2025-nji ýylyň iýul aýynda ABŞ-nyň we Ysraýylyň Fordow, Isfahan we Natanzdaky esasy ýadro merkezlerini bombalamagyna jogap hökmünde Halkara Atom Energiýasy Agentligi bilen hyzmatdaşlygyny togtatdy.
Ýadro ylalaşygy we beýleki meseleler bilen baglanyşykly sanksiýalar Eýranyň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirdi, bu bolsa bahalaryň ýokarlanmagy we möhüm harytlaryň hem energiýa üpjünçiliginiň ýetmezçiligi sebäpli köçelerde protest döremegine sebäp boldy.
Häzirki protestlere Yslam Respublikasy üçin 1979-njy ýyldan bäri iň uly problema hökmünde seredilýär.
Sanksiýalar Eýranyň senagatyny hem bökdedi, sebäbi pudak zerur möhüm serişdelerden kesilipdi.
Tähran ýadro programmasy we urany baýlaşdyrmak amallary üçin Günbataryň basyşyna garşy durup geldi. Ol programmanyň diňe raýat maksatlary üçin niýetlenendigini aýdýar we ýurduň ýadro ýaraglaryny döretmäge synanyşmagyny inkär edýär.
ABŞ-nyň Içeri Howpsuzlyk Departamenti Birleşen Ştatlara bikanun giren we Waşington tarapyndan terrorçylyk gurama hökmünde kesgitlenýän Yslam Rewolýusiýasynyň Sakçylar Korpusynyň (IRGC) öňki agzalary bolan üç eýranlyny deportasiýa edendigini aýtdy.
Şol üç eýranlynyň Eýranyň ýaragly güýçleriniň täsirli elit şahasy bolan IRGC-de nähili wezipeleriniň bolandygy belli däl. IRGC Eýranyň adaty harby güýçlerinden garaşsyz işleýär we gönüden-göni Ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýä hasabat berýär.