ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň “Eýranyň nebitini almak” isleýändigini, mümkin bolsa Harg adasyny hem ele geçirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol Waşingtonyň Eýran bilen gepleşiklerde “örän gowy” ilerleýändigni we parahatçylyk ylalaşygynyň “ýakyn wagtda” gazanyljagyna “örän ynamlydygyny” belledi.
Tährana garşy haýbatlar bilen parahatçylyk ylalaşygynyň mümkinçiliginiň utgaşmagy 29-njy martda giçik Financial Times neşirinde çap edilen söhbetdeşlikde, şeýle hem ondan bir sagat soň Air Force One uçarynda žurnalistler bilen eden gürrüňinde beýan edildi.
Tramp žurnalistlere Eýran bilen alnyp barylýan gepleşiklerde öňegidişligiň bardygyny aýdyp, olaryň “paýhasly” ýolbaşçylar bilen göni we göni däl görnüşde geçirilýändigini öňe sürdi. Şeýle hem ol dünýäniň nebit we tebigy gaz üpjünçiliginiň takmynan 20 göteriminiň geçýän möhüm suw ýoly bolan Ormuz bogazyny Tähranyň bölekleýin açýandygyny aýtdy.
Ol Eýranyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny inkär edýän mahaly, özüniň Eýran bilen “göni gepleşikler” diýeniniň jikme-jikliklerini aýan etmedi. Tähran özüniň pakistanly araçylar arkaly ýetirilen 15 maddalyk amerikan parahatçylyk meýilnamasyny alandygyny, oňa göz aýlandygyny we ret edendigini aýdypdy.
Tramp: “Biz şol gepleşiklerde örän gowy ilerleýäris. Ýöne Eýran bilen hiç haçan anyk bilip bolanok, sebäbi biz olar bilen gepleşik geçirýäris, soňra bolsa hemişe olary partlatmaly bolýarys… käte B-52 bombalaýjylary bilen” ýa-da Tähranyň dünýä döwletleri, şol sanda ABŞ, Russiýa we Hytaý bilen baglaşan 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny ýatyrmak arkaly, diýip aýtdy.
Ol žurnalistlere: “Meniň pikirimçe, biz olar bilen ylalaşyk baglaşarys. Muňa örän ynanýaryn. Ýöne baglaşmajagymyz hem mümkin” diýdi. “Ýöne biz eýýäm režim çalşygyny başdan geçirdik. [Eýranyň] režimi kül-peýkun edildi, ýok edildi. Olaryň ählisi öli.”
Tramp anyklaşdyrman, häzirki ýolbaşçylaryň “örän paýhasly” bolandygyny hem belledi.
“Men Eýran boýunça ylalaşygy görýärin. Bu ýakyn wagtda bolup biler” diýip, ol aýtdy.
FT bilen söhbetdeşliginde Tramp “meniň ileri tutýan zadym nebitini almak bolardy” diýip, ýagdaýy Wenesuela bilen deňeşdirdi. Ol ABŞ güýçleriniň ýanwarda Nikolas Madurony tussag edenden soň, bu ýurduň nebit pudagyna “näbelli möhlete” gözegçilik etmegi göz öňünde tutýandygyny aýdypdy.
“Size dogrusyny aýtsam, meniň iň gowy görýän zadym Eýranyň nebitini almak, emma ABŞ-daky käbir akmak adamlar: ‘Näme üçin beýle edýärsiň?’ diýýärler. Ýöne olar akmak adamlar” diýip, Financial Times Trampyň sözlerini getirdi.
“Belki biz Harg adasyny alarys, belki-de almarys. Biziň köp wariantymyz bar” diýip, Tramp eýran nebitiniň esasy böleginiň eksport edilýän merkezine salgylanyp aýtdy.
“Bu şol ýerde [Harg adasynda] belli bir wagt galmalydygymyzy hem aňladar” diýip, ol aýtdy. “Meniň pikirimçe, olaryň hiç hili goranyşy ýok. Biz ony örän aňsat alyp bileris.”
Tramp Eýrana 6-njy aprele çenli möhlet berip, Ormuz bogazyny açmagy we urşy tamamlajak ylalaşygy kabul etmegi, ýogsa-da ABŞ zarbalarynyň onuň elektrik stansiýalaryna gönükdiriljekdigini duýdurdy.
Pakistan gepleşikleri kabul etmegi göz öňünde tutýar
Günüň dowamynda Pakistan şu hepdäniň içinde Yslamabatda göni parahatçylyk gepleşiklerini geçirmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigini aýtdy. Emma Ýakyn Gündogardaky zorluk we Waşington bilen Tähranyň arasyndaky ýiti ritorika gowşajaga meňzemeýär.
Waşington hem, Tähran hem teklip edilýän parahatçylyk gepleşikleri barada teswir bermedi. Şol bir wagtda, Ýakyn Gündogarda pidalar we zeperler azalmady. Dynç günlerinde Eýran tarapyndan goldanylýan Ýemendäki husi gozgalaňçylary hem garşylyga goşulyp, Ysraýyla tarap raketalary atdylar. Şolaryň arasynda 30-njy martda irden atylan üçünji tapgyr hem bar.
Bu wakalar Waşingtonyň Eýrana garşy mümkin bolan guryýer çozuş üçin taýýarlyk işlerini dowam etdirýän döwründe bolup geçýär. Sebite ýene müňlerçe amerikan deňiz pyýada esgerleri geldi. Şeýle-de bolsa, amerikan resmileri çozuş boýunça heniz hiç hili kararyň kabul edilmändigini aýtdylar.
ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky uruş bäşinji hepdesine giren mahaly, ABŞ-Ysraýyl howa zarbalarynda ýurduň öňki ýolbaşçylary öldürilenden soň, Eýrana ýolbaşçylyk edip biljek esasy şahslaryň biri hökmünde görülýän mejlis başlygy Mohammad Bager Galibaf Birleşen Ştatlary parahatçylyk barada söz açýarka, “gizlin ýagdaýda” guryýer hüjümini planlaşdyrmakda aýyplady.
Ysraýyl resmileriniň maglumatyna görä, Eýran 29-njy martda giçlik Beer-Şewa şäherine raketa zarbasyny urup, azyndan 11 adamy ýaralady. Zarbalaryň birinde şäheriň etegindäki himiýa zawodynda uly ýangyn döredi.
Ysraýylyň goşuny özüniň “24 sagatlyk äňetmesinde” 29-njy mart agşamyna çenli geçen 24 sagadyň dowamynda Eýranyň merkezi we günbatar böleklerinde, şol sanda Tähranda 140-dan gowrak howa zarbasynyň amala aşyrylandygyny aýtdy. Ballistik raketa goýberilýän meýdançalaryň, ammarlaryň we beýleki nyşanalaryň urlandygy aýdylýar.
Ýangyn yslary
Bu aralykda, Türkmenistanyň Eýran bilen serhetleşýän sebitlerindäki ýaşaýjylar goňşy ýurtdaky dowam edýän uruş sebäpli, öz ýaşaýan sebitlerinde ýangyn ysynyň gelýändigini aýtdylar. Balkandaky habarçymyz Esenguly, Bereket etraplarynda soňky hepdeler “ýanan plasmasa” çalym ysyň ornaşandygyny belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwletiň berk gözegçilik astyndaky mediasy goňşy Eýranda dowam edýän uruş, munuň energiýa bazarlaryna ýetirýän täsiri, şeýle-de ony soňlamak ugrunda alnyp barylýan tagallalar barada ilata maglumat bermeýärler.
Forum