Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň parahatçylyk teklibine beren jogabyny “düýbünden kabul ederliksiz” diýip ret etdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň Waşingtonyň parahatçylyk teklibine beren jogabyny “düýbünden kabul ederliksiz” diýip gaharly ret etdi. Şol bir wagtda Eýranyň döwlet metbugaty Yslam Respublikasynyň talaplarynda gowşama ýokdugyny görkezýän şertleri sanap geçdi; olaryň arasynda uruş zerarlary üçin öwez tölegi we Ormuz bogazyna gözegçilik meselesi hem bar.

“Men Eýranyň diýilýän ‘wekilleriniň’ jogabyny ýaňy okadym. Bu maňa ýaramady — DÜÝBÜNDEN KABUL EDERLIKLI DÄL!” diýip, ol 10-njy maýda Truth Social sosial ulgamynda gysga beýanatynda ýazdy. Ol munuň Eýrana garşy howa zarbalarynyň gaýtadan başlamagyna getirip-getirmejekdigini ýaňzytmady.

Bu ýazgy Eýranyň ýarym resmi Tasnim habar agentliginiň Tähranyň jogabynyň şertleri diýip görkezýän maglumatlaryny çap edeninden gysga wagt soň peýda boldy. Agentligiň maglumatyna görä, talaplaryň arasynda Eýrana garşy uzak ýyllardan bäri dowam edýän sanksiýalaryň ýatyrylmagy, ABŞ-nyň deňiz blokadasynyň bes edilmegi we mundan beýläkki hüjümlere garşy kepillikler bar.

Berk ugurly yslam rewolýusiýa goragçylary korpusyna ýakyn hasaplanýan Tasnim Tähranyň teklibiniň diňe Eýranda däl, eýsem Liwan ýaly beýleki ugurlarda hem “ähli frontlarda” söweşleriň bes edilmegini göz öňünde tutýandygyny habar berdi.

Trampyň bu jogaby ret etmeginden soň, Eýranyň döwlet metbugaty režimiň talaplarynyň arasynda ABŞ-nyň uruş zerarlary üçin öwez tölegini tölemegi, şeýle hem Tähranyň Ormuz bogazyna gözegçiliginiň resmi taýdan ykrar edilmegi ýaly şertleriň hem bardygyny habar berdi. Bu talap halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ret edilip gelýär.

Döwlet metbugaty ABŞ-nyň şertleriniň kabul edilmeginiň Eýranyň, onuň aýtmagyna görä, “çenden aşa talaplara” “boýun egmegi” bilen deň boljakdygyny aýtdy.

Birnäçe habarda ABŞ-nyň meýilnamasynyň bir sahypalyk memorandum görnüşinde taýýarlanandygy aýdylýar. Onda söweşleriň bes edilmegi we Ormuz bogazynyň petiginiň aýrylmagy talap edilýär, emma beýleki möhüm meseleler, şol sanda Eýranyň urany baýlaşdyrmak hukugy, soňraky tapgyra galdyrylýar.

Tramp köpçülige edýän çykyşlarynda iki ugurly pozisiýa eýerip gelýär: bir tarapdan urşy diplomatik ýol bilen çözmegiň mümkinçiligini nygtaýar, beýleki tarapdan bolsa Eýranyň energiýa we elektrik infrastrukturasyna garşy giň gerimli täze howa zarbalary bilen haýbat atýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Farda we Reuters maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Forum

XS
SM
MD
LG