ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrana garşy howa hüjümlerini täzeden başlatmak barada ýene-de haýbat atdy we saýlaw kampaniýasynyň dowamynda eden çykyşynda haçan bolsa-da bir pursatda Tährana garşy "çekiç" ulanmaly bolmagynyň mümkindigini aýtdy, emma anyk näme hakda gürrüň edýändigini anyklaşdyrmady.
"Eýran bilen heniz işimi tamamlamaýandygymyň ýeke-täk sebäbi, men ýagşy bolmak isleýärin" diýip, ol 3-nji noýabrda geçiriljek aralyk saýlawlaryň öňüsyrasynda, 1-nji noýabrda Aýowada geçirilen mitingde tarapdarlaryna eden ýüzlenmesinde aýtdy.
"Eger mümkin bolsa, şol [adamlaryň] ählisiniň janyny halas etmäge synanyşmak isleýärin... Ýöne bir pursatda biz olara garşy çekiç ulanmaly bolarys" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Mundan ozal, Tramp dynç günleri Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen telefon arkaly gürleşendigini we söhbetdeşlikde Eýran meselesine hem degilendigini aýtdy. Ol bu barada has jikme-jik maglumat bermedi.
ABŞ-nyň “Axios” habar agentligi ABŞ we Ysraýyl çeşmelerine salgylanyp, Netanýahunyň 3-nji noýabrda geçiriljek ABŞ-nyň aralyk saýlawlaryndan soň, Eýrana hüjüm etmäge başlamak barada Trampa basyş edendigini habar berdi.
Habarda Trampyň häzirki gepleşikleriň öz akymy bilen dowam etmegine ýol bermäge meýilli bolandygy hem bellenilýär.
Ysraýylly çeşme "Axios" neşirine beren maglumatynda telefon söhbetdeşliginiň "ýiti" bolandygyny aýtdy. ABŞ-ly çeşme bolsa, "göni" bolandygyny belledi.
Tramp 31-nji oktýabrda žurnalistlere beren maglumatynda Tähran bilen gepleşikleriň "gowy barýandygyny" aýtdy, emma şol bir wagtda ol ABŞ-nyň Eýranyň bir ýa-da iki nyşanasyna garşy "çäre görmelidigini" hem belledi.
"Biziň henizem bir ýa-da iki sany çözmeli nyşanamyz bar, ýöne biz muny 10 minutda edip bileris" diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.
Tramp Waşingtonyň hüjüm hereketlerini amala aşyrmaga howlukmaýandygyny, sebäbi Eýranyň harby potensialyny we ýadro maksatnamasyny eýýäm ýok edendigini öňe sürdi.
Bu aralykda, katarly araçylar Eýran resmileri bilen gepleşikler geçirmek üçin dynç günleri Tährana bardylar diýip, döwlet metbugaty habar berdi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi "dowam edýän we öňe gidýän" gepleşikleriň maksadynyň Katar araçylary bilen maslahatlaşmalary dowam etdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Ol Eýranyň "goranyşa we diplomatiýa" taýýardygyny hem sözüne goşdy.
Eýranyň harby metbugat sekretary Muhammet Akraminia döwlet telewideniýesine beren interwýusynda "geljekdäki islendik urşuň öňki çaknyşyklardan has uzak dowam edip biljekdigini we Amerikanyň prezidentiniň onuň gutarjak wagtyny ýa-da şertlerini kesgitläp bilmejekdigini" aýtdy.
Bu aralykda, Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi 2-nji noýabrda irden resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Saparyň başlanandygy Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda 2-nji noýabrda habar berildi. Makala taýýarlanan pursadynda Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda sapar barada aýratyn habar elýeterli däldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum