Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp möhüm gepleşikleriň öňüsyrasynda Eýrany Ormuz bogazy boýunça duýdurdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp möhüm parahatçylyk gepleşikleriniň öňüsyrasynda Tähranyň Ormuz bogazy boýunça meýilnamasyny tankytlap, muny “binamys” ädim diýip häsiýetlendirdi. Şol bir wagtda, ABŞ-nyň we Eýranyň ýokary derejeli resmileriniň 10-njy aprelde Yslamabatda möhüm parahatçylyk gepleşiklerine ýygnanmagyna garaşylýar.

Tramp 9-njy aprelde Truth Social platformasynda: “Eýran Ormuz bogazy arkaly nebitiň geçmegine ýol bermek meselesinde örän erbet iş edýär, käbirleriň aýdyşy ýaly, hatda binamys hereket edýär. Bu biziň aramyzdaky ylalaşyk däl!” diýip ýazdy.

Aýry bir ýazgyda bolsa ol şeýle diýdi: “Eýranyň Ormuz bogazyndan geçýän tankerlerden töleg alýandygy barada maglumatlar bar — eger bu dogrudan hem şeýle bolsa, beýle etmeli däl, edýän hem bolsalar, muny häzir dessine bes etmeli!”

Tähranyň bu möhüm suw ýoly boýunça meýilnamalary, şeýle hem Ysraýylyň Liwanda amala aşyrýan giň möçberli hüjümleri indi 41-nji gününe giren urşy tamamlamak boýunça umumy ylalaşygyň geljegine kölege salmagyny dowam etdirýär.

Trampyň iki hepdelik ýaraşyk şertleriniň çäginde öňe süren esasy talaplarynyň biri Eýranyň iş ýüzünde petikläp goýan Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawynyň erkinligini üpjün etmekdir. Tähran gämi gatnawynyň täzeden açyljakdygyny aýdýar, emma munuň diňe eýran harbylary bilen ylalaşmak we degişli töleg tölemek arkaly amala aşyryljagyny belleýär.

Şu wagta çenli halkara suw ýoly hasaplanýan we hiç bir ýurduň ygtyýarynda däl diýlip görülýän bu bogazdan geçýän gämilerden hiç wagt töleg alynmandy.

Dünýä energiýa krizisi

Eýranyň bogazy petiklemegi sebäpli nebit we gaz tankerleriniň hereketsiz galmagy dünýä derejesinde energiýa çäklendirmelerini we bahalaryň ýokarlanmagyny döretdi. Geçelge üçin töleg girizilmek mümkinçiligi dünýä liderleri tarapyndan geň galma bilen garşylandy.

Ýewropa Bileleşigi, Britaniýa, Gresiýa we beýleki ýurtlar Eýranyň töleg girizmek meýilnamasyny ýazgardy. Bloomberg neşiriniň ýazmagyna görä, gämi kompaniýalary her gämi üçin 2 million dollara çenli tölemäge mejbur bolup biler. Financial Times bolsa tölegleriň diňe kriptowalýuta ýa-da hytaý ýuanynda kabul ediljekdigini habar berdi.

Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer Pars aýlagy ýurtlaryna üç günlük saparynyň dowamynda Tähranyň bu möhüm bogazdan gämileri geçirmäge rugsat berendigi üçin töleg alyp biljekdigi baradaky pikiri ret etdi.

Ol britan telewideniýesine: “Biziň pozisiýamyz şundan ybarat: ‘açyk’ diýmek, howpsuz gämi gatnawy üçin açyk diýmekdir” diýdi. “Bu tölegsiz gatnawy aňladýar we gämiler erkin geçip bilmeli.”

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas şeýle diýdi: “Biz ähli degişli taraplary sebit boýunça ýaraşygy doly berjaý etmäge, ähli harby operasiýalary bes etmäge we halkara hukugyna laýyklykda gämi gatnawynyň erkinligini, şeýle hem Ormuz bogazy arkaly erkin we howpsuz geçişi doly üpjün etmäge çagyrýarys.”

Öz nebitiniň takmynan 95 göterimini Ýakyn Gündogardan alýan Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaýçi Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ondan dartgynlygy peseltmegi we bogazdan geçýän gämileriň howpsuzlygyny üpjün etmegi sorady.

9-njy aprelde döwlet telewideniýesinde okalan we Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Mojtaba Hameneýä degişli diýlip görkezilen beýanat Tähranyň bu bogaza gözegçilik etmek we bu möhüm geçelgedäki gatnawy düzgünleşdirmek niýetini tassyklaýan ýaly bolup eşidildi.

Beýanatda Eýranyň “Ormuz bogazynyň dolandyrylyşyny hökman täze tapgyra çykarjakdygy” aýdylýar, emma jikme-jiklik berilmeýär. Şeýle hem onda: “Eýran uruş islemeýär, emma öz hukuklaryndan hem ýüz öwürmez” diýilýär. Hameneýi uruş başlanaly bäri köpçülige görünmedi, onuň ýagdaýy barada dürli çaklamalar dowam edýär.

ABŞ-Eýran duşuşyklary Pakistanda geçirilýär

ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens, ýörite wekili Stiw Witkoff we Jared Kuşner 10-njy aprelde eýran resmileri bilen duşuşyk geçirmek üçin Yslamabata barmaly.

Eýranyň wekiliýetine daşary işler ministri Abbas Aragçi bilen soňky hepdelerde ABŞ-a garşy örän ýiti çykyşlary bilen tapawutlanan täsirli parlament başlygy Mohammad Bager Galibafyň ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.

Resmi gepleşikleriň 10-njy ýa-da 11-nji aprelde başlanjakdygy dessine anyk bolmady, emma Pakistan gepleşikleriň öňüsyrasynda paýtagtda iki günlük ýerli dynç gününi yglan etdi. Häkimiýetler, adatça, uly diplomatik çäreleriň öňüsyrasynda howpsuzlyk sebäpli dynç günlerini ýa-da çäklendirmeleri girizýärler.

Tramp haýbatlaryna garamazdan, 9-njy aprelde NBC News-a Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygyna “örän uly umyt” baglaýandygyny aýtdy we Ysraýylyň Liwandaky hüjümlerini “azaldýandygyny” belledi.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Tramp Tähranyň ýolbaşçylarynyň hususy gepleşiklerde “has paýhasly” bolýandygyny aýtdy, emma “eger olar ylalaşyga gelmeseler, ýagdaý örän agyr bolar” diýip sözüne goşdy.

Ysraýyl bilen Liwan gepleşik geçirer

Şeýle hem Ysraýylyň we Liwanyň wekilleriniň geljek hepde Waşingtonda duşuşmagyna garaşylýar diýip, Döwlet departamenti Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu Liwanda hüjümleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Eýran tarapyndan goldanylýan “Hizbullah” toparynyň söweşijilerini nyşana alýan güýçli ysraýyl zarbalary ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýaraşyk ylalaşygyna sarsgy berdi.

Dünýäniň köp lideri ABŞ tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilýän “Hizbullanyň” hereketlerini we Eýranyň sebit boýunça amala aşyrýan hüjümlerini ýazgarmak bilen bir hatarda, soňky iki günde Liwanda 300-den gowrak adamyň ölmegine sebäp bolan Ysraýylyň giň gerimli zarbalaryny hem tankytlady.

ABŞ bilen Ysraýyl Liwanyň Tähran bilen baglaşylan ýaraşyk şertleriniň içine girmeýändigini aýdýarlar. Eýran resmileri bolsa onuň girýändigini we “Hizbullah” ýaranlaryna garşy dowam etdiriljek täze hüjümleriň ýaraşygy bozup biljekdigini öňe sürýärler.

ÝB-niň wekili Kallas 9-njy aprelde: “Ysraýylyň hereketleri ABŞ-Eýran ýaraşygyny agyr synag astynda goýýar. Eýran boýunça baglaşylan ýaraşyk Liwana hem degişli bolmaly” diýdi.

Starmer hem Pars aýlagy ýurtlaryna saparynyň dowamynda Ysraýylyň Liwana garşy zarbalarynyň “nädogrydygyny” we olaryň “bes edilmelidigini” aýtdy.

Reuters we AFP maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

Forum

XS
SM
MD
LG