ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň taryhynda kongrese edilen iň uzyn ýüzlenmede, diplomatiýa netije bermedik ýagdaýynda, Eýrana garşy harby çäre görmek haýbatyny gaýtalady we Ukrainadaky urşy soňlamak ugrundaky gepleşikleri dowam etdirmek wadasyny berdi.
Tramp Kongresiň bilelikdäki mejlisinde eden bir sagat 50 minuda golaý çykyşynda öz administrasiýasynyň gazanan üstünliklerini "altyn asyryň" başlangyjy hökmünde häsiýetlendirdi.
Bu çykyş oňa noýabr aýynda geçiriljek aralyk saýlawlaryndan öň içerki syýasata ünsi jemlemek üçin bir mümkinçilik boldy, ýöne Tramp daşary işler we global howpsuzlyk boýunça esasy ileri tutulýan ugurlar barada hem ýene bir gezek durup geçdi.
Eýran
Tramp Eýran barada birnäçe minut gürrüň edip, bu ýurdy göni we dowam edýän howp-hatar hökmünde görkezip, ABŞ-nyň geçen ýylyň iýun aýynda uran harby zarbalaryny hem ýatlady.
“Ýarygije çekiji [operasiýasyndan] soň, olara geljekde ýarag maksatnamasyny, hususan-da ýadro ýaraglary programmasyny täzeden gurmaga synanyşmazlyk barada duýduryş berildi. Emma olar bu işleriň ählisini täzeden başlamagy dowam etdirýärler” diýip, ol aýtdy.
“Men bu meseläni diplomatiýa arkaly çözmekçi bolýaryn” diýip, Tramp aýtdy. “Ýöne bir zat anyk: men dünýäde terrorçylygyň birinji derejeli hemaýatkäriniň, ýagny olaryň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna hiç haçan ýol bermerin. Munuň bolmagyna ýol berip bilmerin”.
Onuň bu sözleri ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda uly möçberli harby güýç toplan wagtynda we 26-njy fewralda geçiriljek ABŞ-Eýran gepleşikleriniň öňüsyrasynda aýdyldy. Gepleşikler, esasan, Eýranyň ýadro programmasyna gönükdirilen, Tähran öz programmasynyň, elektrik energiýasyny öndürmek ýaly, parahatçylykly, raýat maksatlary üçin niýetlenendigini öňe sürýär.
“Onýyllyklaryň dowamynda, Birleşen Ştatlaryň syýasaty Eýranyň ýadro ýaragyny edinmegine asla ýol bermezlik boldy. Köp onýyllyklar” diýip, Tramp aýtdy.
Ukraina
Prezident çykyşynyň dowamynda Orsýetiň doly möçberli çozuşyna garşy alyp barýan söweşi bäşinji ýylyna gadam basan Ukraina barada hem gysgaça durup geçdi.
Tramp geçen hepde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen we birnäçe aý bäri dowam edýän üçtaraplaýyn gepleşiklere salgylanyp, öz administrasiýasynyň urşy soňlamak üçin "gaty köp tagalla edýändigini" aýtdy.
Onuň baş wekili Stiw Witkoff bu gepleşikleriň geçişine syn etdi. Ol soňky gepleşikleriň netijesinde "manyly öňegidişligiň" gazanylandygyny belledi, ýöne jikme-jiklikleri aýtmady we "iki tarapyň hem ... ylalaşyga gelmek ugrunda işlemegi dowam etdirmäge razy bolandygyny" nygtady.
Trampyň çykyşynda jikme-jikliklere girilmedi, ýöne ol ýene-de çaknyşyklaryň elhenç adam pidalaryna getirýändigi barada aýdýan sözlerini gaýtalady.
“Her aýda ýigrimi bäş müň esger ölýär. Muny göz öňüne getiriň, bir aýda 25 müň esger ölýär” diýip, ol aýtdy.
Energiýa, paçlar
Daşary syýasat Trampyň içerki ykdysady gün tertibi bilen berk baglanyşykly boldy.
Ol “burawla, bäbegim, burawla” syýasatynyň çäginde nebit we gaz önümçiliginiň giňeldilendigini öwüp, ABŞ-nyň önümçiliginiň artmagynyň - Wenesuelada “ýagty täze başlangyç” diýip atlandyran pursady bilen birlikde - global energiýa bahalarynyň peselmegine kömek etjekdigini öňe sürdi.
Tramp Wenesuelany "täze dostumyz we hyzmatdaşymyz" diýip atlandyryp, ABŞ-nyň uzak wagtlyk lider bolan Nikolas Madurony wezipesinden çetleşdireninden soň, 80 million barrel nebiti üpjün edendigini aýtdy.
Söwda meselesi barada durup geçende, Tramp daşary ýurtlar tarapyndan tölenýän paçlaryň ahyrsoňy "häzirki zaman girdeji salgydynyň ulgamyny çalşyrjakdygyny" we amerikanlaryň maliýe ýüküni ýeňilleşdirjekdigini aýtdy.
Tramp çykyşynyň dowamynda esasy tema - Amerikanyň gaýtadan dikeldilendigi baradaky belliklerine gaýta-gaýta dolanyp geldi. Trampyň çykyşy respublikanlaryň el çarpyşmalary, ör turup el çarpmaklary bilen garşylansa-da, demokratlar sessiz, dymyp oturdylar. Olaryň onlarçasy çäräni boýkot edip, Waşingtonyň başga bir ýerinde aýratyn çäre geçirdi we Trampy dürli meseleler boýunça tankyt etdi.
Forum