Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky diplomatik we ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň 27-nji sentýabrda çap eden maglumatyna görä, Tramp gutlag hatynda ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edendigini belledi.

Ol 2025-nji ýylyň noýabrynda Ak tamda Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygyny ýatlap, milli bähbitleri ileri tutmak meselesinde garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio hem Türkmenistanyň halkyny ýurduň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady.

27-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda Rubio ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny we onuň Merkezi Aziýada parahatçylyga hem-de abadançylyga ygrarlylygyna ýokary baha berýändigini belledi.

Döwlet sekretarynyň sözlerine görä, ABŞ Türkmenistan bilen söwda, maýa goýum, energetika howpsuzlygy we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda iş alyp barýar. Munuň çäginde sebitdäki energiýa üpjünçilik ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we berkitmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berýär.

"Biz Türkmenistanyň C5+1 çäginde emeli aň we sanlylaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ornuna ýokary baha berýäris" diýip, Rubio belledi.

Ol ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen sebitiň howpsuzlygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda bilelikde tagalla edýändigini hem aýtdy.

C5+1 ABŞ-ny we Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny — Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany hem-de Özbegistany birleşdirýän diplomatik hyzmatdaşlyk formatydyr.

Forum

​
XS
SM
MD
LG