ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň “hakyky ylalaşyk” gazanylýança “Eýranyň içinde we töwereginde” öz ýerinde galjakdygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşylan gowşak ýaraşyk durnuksyz ýagdaýda galýar. Waşington munuň esasy sebäbini, ýaraşygyň Ysraýylyň Tähranyň goldaýan “Hizbullah” toparynyň Liwandaky nyşanalaryna garşy hüjümlerini öz içine alýandygy ýa-da almaýandygy baradaky “düşünişmezlik” bilen baglanyşdyrýar.
Tramp 8-nji aprelde giçlik Truth Social platformasynda şeýle ýazdy: “Ähli ABŞ gämileri, uçarlary we harby gullukçylary, goşmaça ok-däri, ýaraglar we eýýäm ep-esli gowşadylan duşmany ýok etmek üçin zerur bolan beýleki ähli serişdeler bilen bilelikde, HAKYKY YLALAŞYK doly gazanylýança, Eýranyň içinde we töwereginde öz ýerinde galar.”
Ol şeýle hem: “Munuň tersine aýdylýan ähli galp ritorika garamazdan – ÝADRO ÝARAGY BOLMAZ we Ormuz bogazy AÇYK we HOWPSUZ BOLAR” diýip sözüne goşdy.
Liwan boýunça “düşünişmezlik”
Häzir gowşak ýaraşyk täze çynlakaý näbellilik bilen ýüzbe-ýüz boldy. Waşington esasy jedelli meseläniň, ýagny ylalaşygyň Ysraýylyň Liwanda “Hizbullah” nyşanalaryna garşy alyp barýan harby kampaniýasyny hem göz öňünde tutup-tutmaýandygy barada gidýändigini aýtdy. “Hizbullah” Eýranyň proksi topary bolup, Waşington tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilýär.
ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens 8-nji aprelde Wengriýa saparynyň dowamynda mundna ozalky gije prezident Tramp tarapyndan yglan edilen ýaraşygyň şertleri boýunça “kanuny düşünişmezligiň” bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.
“Meniň pikirimçe, eýranlylar ýaraşygyň Liwany hem öz içine alýandygyny pikir edipdirler, emma beýle däldi” diýip, ol aýtdy. Şeýle hem ol “ne biz, ne-de ysraýyllylar munuň ýaraşygyň bir bölegi boljakdygyny aýdypdyk” diýdi.
Wens žurnalistlere: “Eger Eýran Liwan sebäpli bu gepleşikleriň bozulmagyna ýol bermek islese… bu ahyrynda olaryň öz kararydyr” diýdi we Ysraýylyň Liwandaky hüjümlerinde çäklilik görkezmäge taýýar bolandygyny sözüne goşdy.
Ak tamyň metbugat sekretary Karoline Lewitt žurnalistlere Liwanyň ýaraşygyň şertleriniň içine girmeýändigini aýtdy. Ol şeýle hem: “Bu mesele prezident bilen premýer-ministr [Binýamin] Netanýahunyň, ABŞ bilen Ysraýylyň, şeýle hem ähli degişli taraplaryň arasynda, ynanýaryn, mundan beýläk hem ara alnyp maslahatlaşylar” diýdi.
Netanýahunyň diwany tarapyndan ýaýradylan beýanatda hem ýaraşygyň Liwany öz içine almaýandygy aýdyldy. Bu ýagdaý iki tarapyň arasynda araçy hökmünde çykyş edýän Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarifiň ozalky beýanatyna ters geldi.
“Artýan pidalar”
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi 8-nji aprelde ýaraşyk yglan edilenden soňky sagatlarda Ysraýylyň zarbalary netijesinde soňky 24 sagatda azyndan 250 adamyň ölendigini habar berdi. Ministrlik bu sanyň has-da artmagynyň mümkindigini aýtdy.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Turk “Liwanda şu gün bolup geçen adam öldürmeleriniň we weýrançylygyň gerimi hakykatdan-da elhenç” diýdi. Gyzyl Haç komiteti bolsa Liwan boýunça bolup geçen “weýran ediji ölüm we weýrançylykdan gazaba gelendigini” aýtdy.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, 2-nji martdan bäri dowam edýän Ysraýyl-“Hizbullah” urşunda Liwanda 1 müň 739 adam ölüp, 5 müň 873 adam ýaralandy.
Eýranyň täsirli parlament başlygy Mohammad Bager Galibaf Eýranyň çözgüt boýunça 10 maddalyk teklibiniň üç böleginiň bozulandygyny öňe sürdi we şeýle ýagdaýda “ikitaraplaýyn ýaraşyk ýa-da gepleşikleriň” “manysy gaçýar” diýdi.
Galibaf X platformasynda paýlaşan ýazgysynda bozulmalaryň Liwana garşy hüjümlerden, bir dronyň Eýranyň howa giňişligine girmeginden we onuň sözlerine görä, “Eýranyň urany baýlaşdyrmak hukugynyň inkär edilmeginden” ybaratdygyny aýtdy.
Habarlara görä, Galibafyň 11-nji aprelde Yslamabatda başlamaly Pakistanyň araçylyk edýän gepleşiklerde daşary işler ministri Abbas Aragçi bilen bilelikde Tähranyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etmegine garaşylýar.
Bu aralykda, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian Liwanda ok atyşyklaryň bes edilmeginň ýurduň Waşington bilen ylalaşygynyň esasy şerti bolup durýandygyny aýtdy.
Waşington bilen Tähran 7-nji aprelde giçlik iki hepdelik ýaraşyk barada ylalaşdylar. Bu ädim taraplara parahatçylyk ylalaşygyny gepleşik arkaly ara alyp maslahatlaşmaga wagt bermek üçin dartgynly ýagdaýdan bir ädim yza çekilmek boldy. Ilkinji çaknyşyklar we Liwana garşy hüjümlerden soň, ýaraşyk gijäniň dowamynda esasan Eýranda we Pars aýlagy sebitinde saklanyp galan ýaly göründi.
Tramp sosial ulgamda Tährandan 10 maddalyk teklip alandygyny we gepleşikleriň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem ol ABŞ üçin diňe “bir topar manyly ‘MADDA’laryň” kabul ederlikli bolandygyny aýtdy, emma başga jikme-jiklik bermedi.
“Bular ÝARAŞYGA razy bolmagymyz üçin esas bolan MADDALAR. Bular ýerlikli we aňsatlyk bilen çözüp bolýan zat” diýip, ol aýtdy.
Liwandaky ýagdaýdan başga-da, Ormuz bogazyndaky gämi gatnawynyň erkinligi baradaky näbellilik hem uzak möhletli ýaraşygyň geljegine kölege salýar.
Tramp eýran teklibiniň jikme-jikliklerini aýan etmedi, emma Tähranyň dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň takmynan 20 göteriminiň geçýän möhüm deňiz ýolunda, ýagny Ormuz bogazynda gämileriň erkin hereket etmegine ýol bermelidigini nygtady.
Ormuzda pes gatnaw
Deňiz gatnawyna gözegçilik edýän Marine Traffic ulgamynyň maglumatlaryna görä, 8-nji aprelde bu suw ýoly arkaly bary-ýogy dört gämi geçipdir.
Gözegçilik hyzmaty X platformasynda şeýle ýazdy: “Ýaraşyk baradaky bildirişden soň Ormuz bogazynda gämileriň hereketiniň ilkinji alamatlary peýda bolýar. Bu ýagdaý gepleşiklere mümkinçilik döretmek üçin strategiki suw ýolunyň wagtlaýyn açylmagyny hem öz içine alýar.”
Gözegçilik gullugy şeýle hem “sebitde ýüzlerçe gäminiň, şol sanda 426 tankeriň, 34 LPG daşaýjysynyň we 19 LNG gämisiniň henizem galýandygyny, olaryň köpüsiniň bökdençlik döwründe iş ýüzünde petiklenip galandygyny” aýtdy.
Eýranyň ýokary derejeli bir resmisi bogazdan geçýän gämileriň heniz hem Eýranyň berk ugurly yslam rewolýusiýa goragçylary korpusyndan rugsat almalydygyny aýtdy.
Reuters we beýleki neşirler gatnaw kompaniýalarynyň ýol açylmazdan öň ýagdaýyň has aýdyňlaşmagyna garaşýandygyny habar berdiler.
9-njy aprelde irden rewolýusiýa goragçylary korpusy esasy suw ýolunda deňiz minalary bilen bagly howpa salgylanyp, bogazdan geçýän gämiler üçin alternatiw ugurlary yglan etdi.
Bu suw ýoly dünýä nebit we tebigy gaz daşamalary üçin örän möhümdir we ABŞ-Ysraýyl tarapyndan 28-nji fewralda Eýrana garşy howa zarbalary başlaly bäri aglaba ýapyk ýagdaýda galýar. Tähran muňa jogap hökmünde Ysraýyla we sebitdäki ABŞ bilen ýaran arap ýurtlaryna garşy raketa we dron hüjümlerini amala aşyrdy.
The Wall Street Journal neşiriniň maglumatyna görä, Eýran araçylara bogazdan geçýän gämileriň sanyny günde onlarça golaý çäklendirjekdigini we geçiş rugsady üçin töleg aljakdygyny aýdypdyr.
ABŞ-Ysraýyl bilen Eýranyň urşundan öň gämiler bogaz arkaly Eýran bilen hiç hili utgaşdyrmasyz erkin hereket edýärdi.
The Wall Street Journal şeýle hem Eýranyň käbir tölegleri hytaý ýuanynda alýandygyny ýazdy. Sebit resmileriniň aýtmagyna görä, bu ýagdaý Günbataryň we onuň ýaranlarynyň nebit bazarlaryndaky täsiriniň gowşamagyna getirip biler.
Forum