ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp soňky iki günüň dowamynda Tähran bilen gapma-garşylygy bes etmek barada "örän gowy we netijeli" gepleşikleri geçirenden soň, Eýranyň energiýa infrastrukturasyna hüjümleri bäş günläp togtadandygyny aýtdy.
"Bu çuňňur, jikme-jik we konstruktiw gepleşikler bir hepde dowam eder, men olaryň häsiýeti we äheňi esasynda Harby ministrlige Eýranyň elektrik stansiýalaryna we energiýa infrastrukturasyna garşy islendik we ähli harby hüjümleri bäş günlük möhletde yza süýşürmegi tabşyrdym" diýip, ol 23-nji martda sosial mediada ýazan habarynda togtadyşyň gepleşikleriň üstünligine bagly boljagyny sözüne goşdy.
Waşington bilen Tähranyň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigi barada yglan edilmedi we prezidentiň agzan hepdelik gepleşikleri barada hiç hili jikme-jik maglumat berilmedi.
Täsirli Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusyna (IRGC) ýakyn bolan "Fars" habar agentligi çeşmelerine salgylanyp, "Tramp bilen gönüden-göni aragatnaşyk ýok, araçylar arkaly hem aragatnaşyk ýok" diýdi.
Ysraýyl tarapyndan bu ýagdaý barada dessine açyk teswir berilmedi, Trampyň eden beýanatyndan soň Ysraýyl Eýranyň merkezine howa hüjümlerini geçirýändigini yglan etdi.
Hormuz bogazynyň soňky möhleti
Trampyň bu beýanaty Eýrana möhüm Hormuz bogazyny açmak üçin bellän möhletiniň golaýlan wagtyna gabat geldi.
Tramp Tährana 23-nji martda Waşington wagty bilen agşam sagat 7:44-e çenli dünýäniň nebit we gaz üpjünçiliginiň takmynan 20 göterimini öz içine alýan esasy suw ýoluny "doly açmagy" tabşyrypdy, bolmasa Eýranyň elektrik stansiýalarynyň ýok edilmegi ýaly agyr netijeler bilen ýüzbe-ýüz boljagyny duýdurypdy.
Bu duýduryş Trampyň ABŞ-nyň maksatlarynyň köpüsine ýetendigini öňe sürmeginden bir gün soň edildi. Pentagonyň hem sebite müňlerçe goşmaça guryýer güýçlerini iberýändigi habar berilýär.
Tährandan derrew reaksiýa bolmady, ýöne Eýran ozal Tramp elektrik stansiýalaryna howp salmak haýbatyny ýerine ýetirse, jogap berjekdigini aýdypdy.
Eýranyň ýangyç we energiýa infrastrukturasyna hüjüm edilse, Eýranyň harby serkerdeliginiň sebitde ABŞ-a degişli ähli energiýa infrastrukturasyny nyşana aljakdygy döwlet metbugatynda aýdylypdy. Eýran şeýle hem suwy duzsuzlandyrmak boýunça desgalara zarba uruljakdygyny duýdurypdy.
Aýratynlykda, Eýranyň parlamentiniň başlygy Mohammad Baker Kalibaf "ýurdumyzdaky elektrik stansiýalary we infrastruktura nyşana alynsa, dessine sebitdäki möhüm infrastruktura, energiýa we nebit infrastrukturasy kanuny nyşanlar hasaplanar we yzyna gaýtaryp bolmajak derejede ýok ediler" diýip duýdurdy.
Eýranyň adam hukuklary topary HRANA-nyň maglumatyna görä, ABŞ we Ysraýyl 28-nji fewralda hüjümleri başlandan bäri uruşda 3000-den gowrak adam ölüpdir.
Çaknyşyk energiýa we birža bazarlaryna uly täsir ýetirdi, ýangyç çykdajylaryny ýokarlandyrdy, global inflýasiýa howpuny güýçlendirdi we Orta Gündogary hem-de Günbatary sarsdyrdy, söweşleriň ýaýrap, sebiti gurşap almagyndan howatyrlanmalary artdyrdy.
Pars aýlagynyň elektrik ulgamlaryna hüjüm edilmek howpy içimlik suwuny arassalamakda köpçülikleýin bökdençlikleriň döremegi bilen bagly howatyrlanmalary güýçlendirdi we nebit bazarlaryny has-da howsala saldy. "Brent" markaly çig nebitiniň bahasy 23-nji martda günortan 7% töweregi pese gaçdy we 104 dollara golaýlady.