Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşygyň 3 hepde uzaldylýandygyny aýtdy

Ak tam. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşygyň 3 hepde uzaldyljakdygyny aýtdy.
Ak tam. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşygyň 3 hepde uzaldyljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iki ýurduň wekilleri bilen bolan duşuşygyndan soň, Ysraýyl-Liwan serhedindäki zorlugyň täzeden möwç almagyna garamazdan, Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşygyň 3 hepde uzaldyljakdygyny aýtdy.

“Duşuşyk örän gowy geçdi!” diýip, Tramp 23-nji aprelde “Truth Socialda” ýazdy.

“Birleşen Ştatlar, Liwanyň “Hizbolladan” goranmagyna kömek etmek üçin, onuň bilen işleşer. Ysraýyl bilen Liwanyň arasyndaky ýaraşyk möhleti üç hepde uzaldylýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetidrdi. Ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň möhleti 26-njy aprelde tamamlanmalydy.

Günorta Liwanyň köp bölegini öz gözegçiliginde saklaýan hem-de Eýran goldawyny alýan “Hizbolla” söweşiji topary we syýasy partiýasy Birleşen Ştatlar tarapyndan terrorçylykly gurama hasaplanylýar, ÝB bolsa onuň diňe ýaragly ganatyny gara sanawa goşdy.

Liwan hökümeti bu çaknyşyklara işjeň gatnaşmaýar we “Hizbollany” ýaragsyzlandyrmak wadasyny berdi.

Tramp Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuy we Liwanyň prezidenti Jozef Auny "ýakyn geljekde" kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýtdy.

Tramp, wise-prezident J.D. Wens we döwlet sekretary Marko Rubio, şeýle-de ABŞ-nyň Ysraýyldaky we Liwandaky ilçileri Ysraýylyň we Liwanyň "ýokary derejeli wekilleri" bilen duşuşanlaryň arasynda boldy diýip, ABŞ prezidenti aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG