Azatlygyň habarçysy Aşgabatda Türkiýa syýahat etjek türkmenistanlylaryň wiza almak üçin resminama tabşyrýan ýeke-täk nokadynyň, “Gateway International” kompaniýasynyň wiza merkeziniň öz işini togtadandygyny habar berýär.
Çeşmeler bu merkeziň işiniň korrupsiýa meseleleri, ilatdan gowuşýan dowamly şikaýatlar bilen baglylykda togtadylandygyny habar berýärler. Ýöne ýurtdaky maglumat ýapyklygy sebäpli, türkmen häkimiýetleriniň ýa-da döwlet eýçiligindäki metbugatyň bu merkeziň töweregindäki gürrüňleri aýdyňlaşdyrmagyna, onuň kime ýa kimlere bikanun gazanç getirendiginiň aýan edilmegine we jogapkär adamlara kanun esasynda çäre görülmegine garaşylmaýar.
Azatlyk raýatlaryň wiza şikaýtalaryna ozalam ünsi çekipdi
Azatlyk radiosy bu merkeziň işi we raýatlaryň ondan bildirilýän nägilelikleri barada birnäçe gezek habar beripdi.
Habarçylarymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen raýatlaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, işini togtadan merkez geljekki syýahatçylardan bahasy 60 dollar bolan wizalar üçin 200 dollardan pul talap edýärdi we ýüz tutan raýatlaryň 90 göterime golaýynyň wiza haýyşnamasy kanagatlandyrylmaýardy.
Wiza almakdan geçen, tölän pullaryny hem yzyna alyp bilmeýän türkmenistanlylar bu ýagdaýdan ‘gaty nägile boldular’ we birnäçe gezek kiçiräk protest, piket çäresine gatnaşdylar diýip, çeşmeler aýtdy.
Bu hili nägilelik piketleriniň soňkulary dekabr aýynyň dowamynda, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde geçirilip, “adamlaryň nalasy, gözýaşlary we gargyşlary ahyry öz netijesini berdi” diýip, bir söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlyga gelip gowşan, ýöne resmi taýdan tassyklap bolmaýan habarda aýdylmagyna görä, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokuraturasy “Gateway International” wiza merkeziniň üstünden edilýän şikaýatlar boýunça derňew işini açypdyr.
Azatlygyň çeşmesiniň aýtmagyna görä, toplanan arzalar, şikaýatlar netijesinde, wiza merkeziniň resmilerine garşy jenaýat işi gozgaldy.
Bu wiza merkeziniň täsirli adamlar tarapyndan döredilendigi we türk wizasyny almak üçin ýüz tutýan adamlardan uly möçberlerde para alyp, bikanun gazanç etmek üçin ulanylyp gelnendigi, para bermedik raýatlaryň wiza almagynyň tas mümkin bolmandygy öňe sürülýär.
Şu aralykda “Biznes Türkmenistan” neşiriniň habar bermegine görä, “Mosaic Visa” kompaniýasy Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolar.
Täze wiza merkezi öňki merkeziň ornuny tutar
Bu kompaniýa ýurtda işini bes eden öňki wiza merkeziniň — “Gateway International” kompaniýasynyň ornuny tutar diýip, hökümetçi neşir kompaniýanyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalaryna salgylanyp habar berdi.
Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.
Şeýle-de, raýatlaryň ozal “Gateway International” arkaly tabşyran arzalarynyň öz güýjünde galjakdygy we olara bellenilen tertipde serediljekdigi aýdylýar.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza düzgüni, resmi Aşgabadyň talaby boýunça, 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda girizildi. Şondan bäri “Gateway International” wiza merkezi Türkmenistanda öz işini dowam edip müňleçe raýata wiza berdi, köp adamyň wiza haýyşlaryny kanagatlandyrman galdyrdy.
“Mosaic Visa” Türkiýe Respublikasynyň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditirlenen wiza arzalaryny gaýtadan işleýän resmi merkez bolmaly we ol ýakynda Aşgabat şäherinde, Bagtyýarlyk etrabynyň 2127-nji köçesiniň (G.Kulyýew) 71-nji jaýynda açylmaly.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda raýatlaryň syýahat hukuklaryny çäklendirýän, okuw, iş, gazanç, saglyk meseleleri sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan bikanun ýagdaýlary barada çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýär, Azatlygyň habarçylary resmilerden düşündiriş alyp bilmeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum