Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwisti Annaýewe, gaçybatalga arzasy boýunça jogap çykýança, Niderlandlarda galmaga rugsat berildi


Nurmuhammet Annaýew
Nurmuhammet Annaýew

Niderlandlarda gaçybatalga almaga synanyşýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Annaýew, 12-nji fewralda özüni Polşa ibermek üçin uçaryň ýatyrylandygyny we gaçybatalga boýunça ýazan arzasynyň jogaby çykýança, Niderlandlarda galmaga rugsat berilendigini aýdýar.

Annaýew 8-nji fewralda Azatlyk bilen söhbetdeşliginde, öz ýüzlenmesiniň ret edilmeginden soň Amsterdamda ýekelikdäki protest aksiýasyna başlaýandygyny we munuň bilen özüniň hem-de beýleki türkmen raýatlarynyň çykgynsyz ýagdaýyna köpçüligiň ünsüni çekmek isleýändigini aýdypdy.

Türkmen aktiwisti Polşada iki ýyla golaý wagtlap bolan döwründe gaçybatalga sorap, eden ýüzlenmeleriniň ikisiniň-de ret edilendigini gürrüň berdi, we bu ýurda ugradylmagynyň özüni ýene-de kesgitsiz we çykgynsyz ýagdaýa saljakdygyny belledi.

Niderlandlaryň Adalat ministrliginiň 9-njy fewralda Annaýewe ýollan hatynda, onuň Ýokary suda ýazan arzasynyň jogaby çykýança Niderlandlarda galyp biljekdigi bellenilýär. Annaýew bu baradaky karary Azatlykda çykan habar bilen ilteşdirýär.

Türkmenistanyň raýaty Nurmuhammet Annaýew daşary ýurtlarda ýaşaýan we türkmen hökümetini açyk tankyt edýän aktiwistleriň biri.

2022-2023-nji ýyllarda aktiwistlere öň görlüp-eşidilmedik basyşlar görkezildi. Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda birnäçe türkmen aktiwisti dürli ýurtlarda ýitirim boldy, käbirleri zor bilen Türkmenistana äkidildi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar soňky bir ýylda birnäçe aktiwistiň ýitirim bolmagynyň görlüp-eşidilmedik tendensiýasyna aladalanma bildirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG