27-nji maýda Waşingtonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau (Christopher Landau) bilen duşuşdy.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Tommy Pigottyň maglumatyna görä, gepleşigiň dowamynda Birleşen Ştatlara hem-de Türkmenistana özara bähbit getirjek söwda gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmegi ara alyp maslahatlaşyldy.
Iki resmi şeýle hem iki ýurduň arasynda ykdysady gatnaşyklary, bilim we medeniýet alyş-çalyşlaryny, şeýle-de howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti boýunça ylalaşdylar.
26-njy maýda Meredowyň ABŞ-a iş sapary başlandy. Onuň çäklerinde türkmen baş diplomaty BMG-niň baş sekretary Antonio Guttereş we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyk geçirdi.
Forum