Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen çagalaryna tölegsiz rus dili sapaklary hödürlenýär

Türkmen çagalary. Bezeg suraty
Türkmen çagalary. Bezeg suraty

Türkmenistanda orta mekdepleriň birinji synp okuwçylary üçin rus dilini öwrenmek boýunça täze taslama badalga aldy diýip, türkmen metbugaty 16-njy martda habar berdi.

Bu taslama Türkmenistanyň we Russiýanyň bilim ministrlikleriniň bilelikdäki tagallasy esasynda durmuşa geçirilýär.

Habarda aýdylmagyna görä, häzir bu bilim platformasy ulanyjylar üçin «Türkmenistan» täzelikler portalynda açyk bolup, onda birinji synplar üçin gysga wideookuwlaryň 70 sanysyndan ybarat bolan tölegsiz, başlangyç onlaýn sapaklary ýerleşdirilipdir.

XS
SM
MD
LG