Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen demirýollary kyn synaglary 'başdan geçirýär', işçiler iş şertlerinden nägile bolýar

Ýoldan çykan otly
Ýoldan çykan otly

Ýurtda onlarça ýyl bäri çözülmeýän çylşyrymly ykdysady meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň demirýol ulgamy agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Azatlygyň transport ulgamyndaky çeşmeleri habar berýär.

Ýakynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň çäginden geçýän ýoldan ýük alyp barýan otly ýolundan çykyp, bir gapdala agdy, nowalara ýüklenen ýükler ýere döküldi, demirýol liniýasyna zyýan ýetdi diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Bu habary ikinji çeşme hem tassyk etdi.

“Garadaşaýak Ýaşaýyş toplumynyň çäginden geçýän demir ýoldan barýan otly ýoldan çykypdyr. Ýük daşaýan otly, wagonlardaky ýük ýere dökülipdir, wagon tirkegi gopupdyr, demir ýoluň özi hem zaýalanypdyr, ýoly söküp, gowulap ýörler” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.


Azatlygyň habarçylary ýurduň demirýol pudagynda, ýollarda bolýan hadysalar barada yzygiderli habar berýärler, ýöne türkmen metbugaty bu hili habarlary çap etmeýär, häkimiýetler heläkçilikli ýagdaýlaryň sebäbi, ýetiren zyýany barada açyk düşündiriş bermeýär we, jaň edilip, ýazmaça soralan ýagdaýynda, olary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Ýoldan çykan otlular 'uly zaýaçylyga' sebäp bolýar

Mysal üçin, geçen ýylyň sentýabrynda habarçymyz Mary we Lebap welaýatlaryny birleşdirýän polat ýolda ýük daşaýan iki sany otlynyň çakyşandygyny habar beripdi.

Şonda Marydan gelýän otlynyň getirýän nebit önümleri, Lebapdan gelýän otlynyň getirýän kükürt kislotasy, dökün önümçiligine degişli himiki maddalary ýol ýakasyna döküldi.

Hünärmen wagtly-wagtynda bejeriş, deslapky abatlaýyş işleri geçirilmese, üstünden daşalýan agyr ýükleriň agramy netijesinde, demirýol liniýalarynyň geçýän topraklarynda, käbir böleklerde çökgünlikleriň, beýikli-pesli ýerleriň emele gelýändigini aýtdy.

“Ýoluň käbir bölekleri çöküp, ýolda belentli, pesli bölekler döreýär. Onsoň, çöken bölegi ýuwulýan ownuk daşlar bilen, ýörite gurallary ulanyp, gowy dykyzlamaly bolýar. Peselen ýerleri ýokary göterip durmak işleri wagtly-wagtynda geçirilmese, ýoluň deňagramlylygy bozulyp, ol tehniki talaba laýyk gelmän başlaýar. Bu ýagdaý soňy bilen otlynyň demir tekeriniň demir düşeginden çykmagyna, otlynyň nowalarynyň agmagyna getirýär” diýip, hünärmen ýagdaýy düşündirdi.

Ýöne ol otlularyň ýoldan agdarylmagynyň ýa çykmagynyň diňe ýoluň belentli-pesli bolmagy bilen bagly däldigini, bu ýerde başga-da sebäpleriň bardygyny belledi.

Bu aýdylýanlary Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen demirýol işçisi hem tassyk etdi.


“...demir ýoly saklaýan, onuň aşagyna düşelen beton we agaç sütünleri wagtyň geçmegi bilen könelişip, jaýrylyp, döwlüp, agajy çüýräp, öz funksiýasyny gowy ýerine ýetirmän başlaýar. Olar öz wagtynda täzelenip, çalşyrylyp durmasa, uzak wagtlap ideg edilmedik ýollar pajygaly ýagdaýlaryň döremegine hem sebäp bolup bilýär.”

Ýük otlusynyň ýoldan agmagynyň 'bir sebäbi'

Azatlygyň çeşmesi ýakynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň çäginden geçýän ýoldan barýan ýük otlusynyň hut şu ýagdaýlar netijesinde bir gapdala agandygyny öňe sürdi.

Hünärmeniň tassyklamagyna görä, bu hadysanyň netijelerini aradan aýyrmak we demirýol hereketini dikeltmek üçin demirýol kärhanasynyň ussalary üç günläp, gije-gündiz diýmän işlemeli boldular.

“Iş wagtyndan soň, gijesi bilen işlän işçilere goşmaça pul tölenmeýär. Adamlar alaçsyz, olaryň ykbaly, çagalarynyň rysky ýolbaşçylara bagly. Işçilere ne adam şekilli hak tölenýär, ne-de idili iş şerti döredilýär” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen işçi aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňki başlygy, Orsýetde neşe gaçakçylygy boýunça kazyýet seljermesine garaşýandygy aýdylýan Hydyr Rahmanowy jogapkärçilikden boşatmak üçin, “Turkmen.News” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen tarapy uly tagalla edýär.

Emma resmi Aşgabat bu habarlary, şol sanda ýurduň demirýol pudagynda dörän çylşyrymly ýagdaýlar barada syzyp çykýan maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG