Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-gazak serhedi ilkinji gezek 'näbelli möhlete ýapyldy'


Türkmenistanyň serhet gullugynyň agzalary.
Türkmenistanyň serhet gullugynyň agzalary.

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini 15-nji dekabrdan başlap wagtlaýyn ýatyrdy. Bu soňky birnäçe ýyllykda Türkmenistanyň ýeňillikli wiza düzgünini ilkinji gezek şeýle uzak wagtlaýyn möhlet bilen ýatyrandygyny aňladýar.

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Mangystau regionynyň resmisi 21-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda, iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň indi ýedi günden bäri dowam edýändigini aýdyp, türkmen tarapy öz türkmen-gazak serhedindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi diýdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu çäräniň sebäpleri barada maglumat bermändirler.

“Türkmen tarapy serhedi şu aýyň 15-den başlap ýapdy. Onuň näçe gün ýapyk galjakdygy barada maglumat bermediler. Soňky birnäçe ýyllykda serhet ilkinji gezek şeýle uzak wagtlaýyn ýapylýar. Bize hiç hili düşündiriş bermediler. Serhedi ýapdylar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden “Temir-baba” serhet geçelgesindäki gazak Serhet gullugynyň jogapkär resmisi aýtdy.

Mundan ozalky gezeklerde

Ol bu çäklendirmäniň diňe iki ýurduň arasyndaky ýeňilleşdirilen wiza düzgünine degişlidigini we Türkmenistana wizasy bar adamlaryň türkmen topragyna geçip bilýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Maňgyşlak welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýär.

Türkmen häkimiýetlerinden bu soňky çäklendirmäniň sebäpleri we onuň näçe güne çenli dowam etjekdigi barada anyk maglumat almak başartmady. Emma resmi Aşgabat şu ýylyň maý aýyndan bäri türkmen-gazak serhedini indi azyndan dört sapar wagtlaýyn ýapdy.

Olaryň diňe geçen gezekkisinde, ýagny türkmen-gazak serhedi 27-nji oktýabrda ýapylanda, bu çäräniň sebäpleri barada düşündiriş berildi. Şonda Türkmenistan öz kararyny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralar bilen düşündiripdi.

Prezidentiň Balkana edýän sapary

Türkmen-gazak serhedindäki ýeňilleşdirilen wiza düzgüni şu ýylyň iýul-awgust aýlaryndan ozal, maý aýynyň 24-29 aralygynda hem wagtlaýyn ýatyrylypdy.

Şonda Gazagystanyň serhet resmileri iki ýurduň arasyndaky wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň gazak tarapy bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, “ýurduň [Türkmenistanyň] ýokary derejeli ýolbaşçylary, ýagny prezident, ministrler Türkmenistanyň Gazagystan bilen serhedindäki welaýatyna sapar edenlerinde, adatça, türkmen häkimiýetleri ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrýarlar” diýdi.

Şol bir wagtda Gazagystanyň “Newskaz.kz” ýaly käbir habar agentlikleri serhediň wagtlaýyn ýapylmagyny Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň günbataryndaky Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşdyrypdylar.

Türkmenistan öz goňşy döwletleriniň arasynda iň az serhet araçägini Gazagystan bilen paýlaşyp, onuň uzynlygy 379 kilometre barabar. Türkmen-gazak araçäginden garşylykly tarapa “Temir-baba” awtoulag gümrük nokadyndan we “Boşalak” demirýol gümrük nokadyndan geçip bolýar.

XS
SM
MD
LG