Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen jemgyýetinde çagalara daramak probemasyna üns artýar

Orta mekdep. Türkmenistan (arhiw suraty).
Orta mekdep. Türkmenistan (arhiw suraty).

Mekdeplerde we çagalar baglarynda çagalara gödek çemeleşmek, olara el galdyrmak, kemsitmek we ruhy basyş etmek ýaly ýagdaýlaryň ýaýbaňlanmagy barada maglumatlar köpelýär. Şol bir wagtda bu problema barada jemgyýetde pikir alşyk hem köpeldi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, muňa çagalar babatyndaky eden-etdiligiň artmagy we degişli maglumatlaryň sosial media arkaly ýaýramagy itergi berdi.

Çagalara bilim berýän edaralaryndaky zulum körpeleriň bakja gatnap başlan ilkinji günlerinden başlanýar. Paýtagtyň çagalar baglarynyň birinde işleýän terbiýeçi adaty gündeki ýagdaýy şeýle suratlandyrýar:

"Çagalar bagyna gidýän çagalar, şol sanda ene süýdünden entek aýrylmadyk körpeler aglap galýarlar. Käbir terbiýeçiler olaryň sesini goýdurmak üçin agzynyň üstüne şarpyk urýar, çaga gorkusyna yaňa agzyny tutup aglaýar. Ýene bir terbiýeçi çaganyň ýeke özüni garaňky jaýa salyp, ýagny ýatylýan otaga ýa-da gruppanyň içindäki hajathana gabap, ol sesini goýýança şol ýerde saklaýar".

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bakja birnäçe çagalar bagynyň işgärleri şeýle ussular giňden ýaýrap, terbiýeçileriň we enekeleriň ençemesi muňa sütem ýa-da bikanunçylyk hökmünde hem garamaýarlar.

Olaryň sözlerine görä, käbirler çagalaryň saglygyna agyr zeper ýetirýän çemeleşmelerden hem çekinmeýär.

"Çaga ýadap aglamasyny goýýança oňa temmi berilýär. Terbiýeçiniň kömekçisi kiçi çagajyklary bir sagatdan gowrak gorşokda oturdýar . Eger çaga pampersini hapalasa çaganyň dat gününe. Ol pampersi çalşylanda bir urulýar, soňra şol çaga uzak gün silteläp gezilýär" diýip, terbiýeçileriň ýene biri gürrüň berdi.

Onuň bellemegine görä, körpeleriň pampersini çalyşmazlyk üçin olara köplenç suw içirilmeýär: "Çagalar suwsasa olara suw içirmeýärler, sebäbi soň pampersy çalyşmaly bolýar. Nahar hem bermeli normadan az berilýär, sebäbi ýene-de pampers çalyşmaly bolýar".

Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda döwletiň garamagyndaky dürli çagalar baglarynda terbiýeçi, eneke we arassaçylyk işgäri bolup işleýän birnäçe çeşmäniň beren bu maglumatlara görä, ýurduň dürli ýerlerinde ýerleşýän körpeler üçin edaralarda ýagdaý birmeňzeş.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriň habar berýän bu ýagdaýlary barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginden resmi görnüşde teswir almaga synanyşdy. Ministrligiň websaýtynda görkezilen telefon belgilerinde edilen jaňlara jogap berilmedi. Biz email arkaly ministrlige ugradan hatymyza jogaba garaşýarys.

Bu aralykda ene-atalar öz çagalarynyň öýlerine aç we aglap gelmeginiň seýrek däldigini gürrüň berýärler.

"Çagam öýe gelende ylgap suw içýär, terbiýeçi suw bermeýär diýýär" diýip, bir ene gürrüň berdi.

'Arz-şikaýatym ters netije berdi'

Ýene bir türkmenistanly ene has kiçi çagalaryň örän kösenýändigini aýtdy: "Özbaşdak nahar iýip bilmeýän çagalar aç galýar, sebäbi terbiýeçi 'haýsy birini naharlaýyn' diýýär".

Ene şeýle ýagdaýa hut özüniň duş gelendigini gürrüň berdi. Ol çagasyny günortan nahar wagty almaga barandygyny we dessine girmän, çaga naharyny iýip bolsun diýip, binanyň äpişgesinden ýuwaşlyk bilen çagasyny synlamak isländigini aýtdy. Ol gören zatlaryny bakjanyň müdirine ýetirmek, şikaýat etmek üçin barýar.

"Terbiýeçiler özleri nahar iýip otyr, çemçe tutup bilmeýän çagalar bolsa iýmän otyrlar. Emma müdir çagaňyz nahar iýip bilmeýäni üçin siz günäkar diýip, arzy eşidesi gelmedi" diýip, ene şol şikaýatyndan soň çagasyny has beter silteläp başlandyklaryny we şonuň üçin öýde alyp saklamaly bolandygyny gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylary urulýar

Mekdeplerde birinji synpa baran okuwçylar gödek çemeleşmelere sezewar bolýar we bu olaryň okamagyna erbet täsir edýär diýip, mekdep okuwçylarynyň ene-atalary habar berdi.

"Çagalar soň sapaga doly gatnaşyp bilmeýärler. Okuwçylaryň arasynda ruçka-galamy dogry tutup bilmeýänleri bolýar, harplary zordan tanaýanlar bar olar sapaklarda haýal bolýarlar. Mugallymalaryň arasynda şeýle okuwçylary urup, tagta çagyryp kemsidiji sözler aýdýanlar bolýar. Käbirleri şeýle çagany kellesini tagta süsdürip, 'bu näme harp' diýip, sütem edýärler. Çagalar şonda titreşip durlar" diýip, mekdep işgäri gürrüň berdi.

Ol şeýle urgulardan soň çagalaryň bilim almak ukyby esli gowşaýar. Bu ýagdaý hem urulýan, hem-de muny görýän okuwçylara täsir ýetirýär.

"Çaga öňküje bilýänlerini hem ýatdan çykarýar. Mugallymlar urýar diýip, klaslaryny we mekdeplerini çalşan okuwçylar hem kän" diýip, çagalary mekdebe gatnaýan okuwçylaryň ejesi aýtdy.

Ol maddy ýagdaýy agyr maşgalalaryň çagalarynyň has hem köp süteme sezewar bolýandygyny belledi: "Çaga bu zatlary görýär. Barly ýeriň ene-atasy mugallymlary sowgat bilen gömýär, garyp maşgala iýjegini zordan tapýar".

"Mugallymlar ýyl-ýyldan näme üçin zalymlaşýar? Näme üçin okuwçylary saýlaýar?" diýip, ýene bir ene sowallary orta atýar. Ol mugallymlaryň görkezýän zalymlygy okuwçylaryň arasynda bir-birine ýigrenji öjükdirýär diýip, pikir edýär.

"Adyňyz mugallym, okuwçy sizden görelde almaly. Çagalary deň tutmazlyk okuwçylaryň birek-biregini ýigrenmegine eltýär" diýip, okuw ýaşly çaganyň kakasy aýdýar.

Ol Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde çagaka eşiden ýakymsyz sözleriň özüne erbet täsir ýetirip, henizem ýadyndan çykmandygyny gürrüň berdi: "Mugallym okuwça 'sen adam bolmarsyň, zibil çöplärsiň' diýen sözleri heniz hem ýadymdan çykmaýar. Şol mugallymy görsem salam bermeýän".

Mekdeplerde okuwçylaryň arasynda hem bir-birine zulum artýar. Soňky döwürde okuwçylaryň synpdaşlaryny kemsidýän we hatda urýan pursatlary sosial ulgamlarda paýlaşylýar.

«Geçen ýylky köýnegiňmi?» Mekdepdäki kemsitmeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:45 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG