Mart aýy türkmen we özbek resmileriniň arasyndaky duşuşyklara, şol bir wagtda-da iki goňşynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hakykatdan hem giňeldilmegine, iş, gazanç, söwda mümkinçilikleriniň köpeldilmegine bolan ýagşy umytlara diýseň baý boldy diýip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ýakyndan synlaýan ýerli synçy habarçymyza aýtdy. Şol bir wagtda, gatnaşyklaryň giňemegi emeli ýagdaýda bökdelýär, sebäp diňe 'düşnüksiz gorky we pikirdäki ýapyklyk' bolup görünýär diýen pikir hem bar.
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi bütin bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň ministrleri, Lebabyň häkimi bilen duşuşdy. Şeýle-de, bu aýyň dowamynda iki ýurduň ulag, oba hojalyk, bilim ministrleri, migrasiýa gullugynyň wekilleri duşuşyk geçirdi diýip, synçy bu ýagdaýyň adamlary begendirendigini belledi.
Azatlygyň habarçysy iki ýurduň resmileriniň arasyndaky iş gatnaşyklarynyň ‘birden işjeňleşmegi’ barada aýdylýanlar baradaky pikirlerini bilmek üçin ýerli ýaşaýjylar bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş boldy.
"Özbegistan Eýranda dörän ýagdaýy alada edýär"
Adynyň aýdylmazlygyny soran söwda işgäri ýygjamlaşan duşuşyklaryň esasy sebäbini goňşy Eýranda dörän ýagdaýlar we ilatyň sarp edýän harytlarynyň mümkin bolan ýetmezçiliginiň döremeginiň öňüni almak bilen baglanyşdyrdy.
“Eýrandaky dartgynlylygyň fonunda, öz söwda we ykdysady gatnaşyklaryny ýetirmezlik üçin, Özbegistan Türkmenistanyň üstünden geçýän tranzit ýollaryň işini togtatmazlygyň aladasyny edýär. Özbek tarapy türkmen tarapynyň "üzňelik, ýapyklyk we durmuş reallyklaryny boýun almazlyk" kesellerine belet bolansoň, şeýle duşuşyklaryň gerimini giňeltmek bilen, goňşy Türkmenistanyň Eýrandaky dartgynlylygyň fonunda has beter ýapylmagynyň öňüni almaga synanyşýar” diýip, söwda hünärmeni aýtdy.
Duşuşyklaryň ýygjamlaşmagyny diňe Eýrandaky wakalar bilen däl, eýsem, Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçisiniň tagallalary, ýagny onuň iki ýurduň resmileriniň arasynda guralaýan duşuşyklara bolan hakyky gyzyklanmasy bilen baglanyşdyrýanlar hem bar.
"Bu geçirilýän duşuşyklar gowy zat, özbek tarapy tutanýerlilik bilen şeýle duşuşyklarda türkmen tarapynyň öňünde anyk we çözülmegi gerek bolan meseleleri dile getirmäge synanyşýar. Emma iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň simwolizm we "ritual" howaýylykdan reallyga we pragmatik ýola geçmegi üçin ilkinji nobatda türkmen tarapynyň howaýy gürrüňlerden, gepleşik üçin gepleşik endiginden saplanmagy möhüm” diýip, Türkmenistanda ýaşaýan özbek intellektualy aýtdy.
Onuň ýerli ministrliklerdäki çeşmelere salgylanyp aýtmagyna görä, türkmen emeldarlarynyň arasynda soňky döwür anyk gürrüňleriň we işleriň tarapdary bolan, saklanyp galýan kynçylyklary boýun alýan adamlaryň sany görnetin köpelýär.
"Türkmen emeldarlary açyk pikir aýtmakdan çekinýär"
Emma ol türkmen emeldarlarynyň bu hili pikirleri diňe özara ýagdaýda, resmi däl duşuşyklarda, resmi däl gürrüňdeşliklerde aýdyp bilýändigini, olardan meseleleri açyk dile getirmek erkinligine garaşmagyň ‘heniz gaty irdigini’ belledi.
Bu pikir bilen beýleki synçylar hem ylalaşýar we olaryň aglaba köplüginiň çen-çakyna görä, ýurtda dilde aýdylýan ‘açyk gapylar’ syýasatynyň iş ýüzünde ‘ýapyk gapylar’ syýasatyna öwrülmegi hakykatda ýönekeý adamlara, hünärmenlere we orta derejedäki resmilere däl, diňe iň ýokardaky dolandyryjy toparlara gerek bolup görünýär.
Awstriýada ýaşaýan türkmen ýaşulusy, öňki diplomat Nurmuhammet Hanamow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hiliniň Saparmyrat Nyýazow döwründäkisinden kän gowulaşandygyny, ýöne şu günüň talaplaryny ödärden örän daşdygyny aýtdy.
Ol bu ýagdaýyň ozaly bilen türkmenistanlylaryň iş, gazanç mümkinçilikleriniň köpelmegini bökdeýändigini, ýurt ykdysadyýetine zyýan ýetirýändigini öňe sürdi.
“Sen edýärin, özbek-türkmen aragatnaşygy Nyýazow döwri bilen deňeşdirilende hakykatdanam gowulaşýar, ýöne umumy halkyň isleýäni bolanok. Biz diňe halkyň horlanyp ýörenini görýäris. Goňşy döwletden görelde alaýmaly, daşa gitmeli däl welin, ýöne biziň döwletimiziň ýolbaşçylary şony etjek bolanok” diýip, Hanamow aýtdy.
"Ýapyklygyň sebäbi düşnüksiz gorkuda"
Hanamowyň Wenadan telefon arkaly beren gürrüňinde aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen deňeşdirilende, Özbegistanyň öz halky üçin edýän işleri has kän we netijeli bolup görünýär:
“Ynha, Özbegistany aýratyn alyp görsek, ol ýerde döwletiň hakykatdanam halkyň aladasyny edýändigi görnüp dur. Birinjiden, döwletiň daşary syýasaty, bir topar döwlet bilen wizasyz aragatnaşygy açyp ýör, käbir döwletler bilen ylalaşyk baglaşýarlar, öz halky şol döwletlerde rahat işläp biler ýaly.”
Öňki diplomatyň pikiriçe, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem öz wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmeýär we, Aşgabatda saklanyp galýan ‘gorky, güman’ medeniýeti sebäpli, işsiz adamlar üçin emeli, goşmaça kynçylyklar döredilýär.
“Ynha, Türkmenistany alsak şol meselede, gaýtam böwet goýýarlar, halkyň aladasyny edýän döwlet ýol açýar welin, biziňkiler böwet goýýar. Özleri doly iş ýeri bilen üpjün edip bilenok, ýurt daşyna gidip, öz maşgalasyny eklejek bolsalaram, öňünde bir topar päsgel [döredýärler], gidip bilenok, çykyp bilenok, işläp bilenok ýurt daşynda” diýip, Hanamow türkmen ýolbaşçylaryndaky düşnüksiz gorkynyň saklanyp galandygyny belledi.
Ozal Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi wezipelerinde işlän Hanamowyň ynanjyna görä, Türkmenistanyň esasy meselesi ‘ýapyklyk’ bolup, on müňlerçe türkmen migrantynyň Özbegistana gidip işlemegi goňşy ýurtdaky açyklygyň netijesi we, Aşgabat öz halkyna abadançylyk, gowy durmuş isleýän bolsa, goňşy ýurtdaky özgerişlerden sapak almaly.
Azatlyk türkmen-özbek gatnaşyklaryny bökdeýän meseleler barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum