Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti BAE-niň wise-prezidenti bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy


Prezident Serdar Berdimuhamedow 
Prezident Serdar Berdimuhamedow 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 21-nji fewralda Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, premýer-ministriň orunbasary, prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda “okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň” esasy ugurlary barada pikir alşylandygy aýdylýar, emma anyk haýsy meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylmaýar.

Türkmen prezidentiniň anyklaşdyrman aýtmagyna görä, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesi özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýar.

TDH-nyň ýazmagyna görä, taraplar duşuşygyň ahyrynda netijeli döwletara gatnaşyklarynyň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

XS
SM
MD
LG