Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Italiýanyň “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefano Pontekorwony kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyk wagtynda türkmen we italiýan kompaniýalarynyň söwda-ykdysady, energetika ulgamlarynda we beýleki pudaklarda ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygynyň döwletara dialogy pugtalandyrmakda möhüm orun tutýandygy bellenildi, emeli hemra ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garaldy.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Türkmenistan bu meselede “Leonardo S.p.A.” kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny tassyklady.

XS
SM
MD
LG