Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi diýip, türkmen metbugaty 11-nji oktýabrda habar berdi. Mundan öň türk ministriniň wise-premýer we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, türkmen prezidentiniň Türkiýä etjek sapary barada maslahat edendigi habar berlipdi.
TDH döwlet baştutanynyň Hakan Fidany we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene — Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlandygyny belleýär.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Berdimuhamedow ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň täzelikde döredilen “Arkadag” medalynyň ilkinji nobatda prezident Berdimuhamedowa hem-de türk işewüri Ahmet Çalyga berilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
“Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, türkmen lideri ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.