Azatlygyň çeşmeleri we habarçylary rus propagandisti we “Rus dünýäsi” konsepsiýasynyň ideology Aleksandr Duginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyz, özygtyýarly ýurt bolup galmagyna garşy aýdan sözleriniň dürli ýaşdaky türkmenleriň arasynda gaharly sözleriň aýdylmagyna, berk nägileligiň bildirilmegine, şol bir wagtda türkmen goşunynyň goranyş ukybyny gyssagly ýagdaýda güýçlendirmek baradaky pikir alyşmalara sebäp bolandygyny habar berýärler.
Bu nägilelik we pikir alyşmalar rus propagandisti Wladimir Solowýowyň Merkezi Aziýa babatyndaky 'basybalyjylyk' wagyzlarynyň türkmenistanlylarda döreden seslenmesiniň yz ýanyna gabat geldi.
Aleksandr Dugin golaýda Moskwanyň "özbaşdak Ermenistanyň, Gürjüstanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň ýa-da Gyrgyzystanyň bolmagy bilen ylalaşmaly däldigini" aýtdy. Duginiň sözlerine görä, öňki sowet respublikalary Orsýetiň bir bölegi bolmaly.
Dugin Moskwanyň "güýç merkezine" öwrülmelidigini aýdýar
Rus propagandistiniň bu sözleri sosial ulgamlarda berk gaýtawula sezewar boldy.
Aleksandr Dugin "Infotselina" YouTube kanalynyň bir sanynda ABŞ-nyň Wenesuela garşy gurnan harby operasiýasy we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Grenlandiýanyň özygtyýarlylygyna salýan wehimi barada gürrüň edip, halkara hukugynyň indi öňdebaryjy döwletleriň bähbitlerine laýyk gelmeýändigini, ýagny olary kanagatlandyrmaýandygyny öňe sürdi.
Ol öňdebaryjy döwletler diýende, Hytaý bilen bilelikde, Orsýeti hem nazarda tutýar we Moskwanyň "güýç merkezine" öwrülmelidigini, Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ýurtlaryny öz gözegçiligine almalydygyny belleýär.
Duginiň bu ýurtlaryň topraklarynyň Şweýsariýa ýaly bitarap, ýuwaş ýurt bolup galmajakdygy barada aýdan sözleri türkmenistanlylaryň köpüsine türkmen bitaraplygy barada aýdylan sözler bolup eşidildi diýip, ýerli synçy aýtdy.
“Possowet döwletleriniň garaşsyzlygyny ykrar etmeýäs diýip, açyk haýbat atýan rus propagandistleri gaty köpeldi, olara ne döwlet tarapyndan, ne Daşary işler ministrligi tarapyndan reaksiýa bildirilip, ilçisine nota tabşyrylýar. Bu ýagdaý adamlary howsala salyp başlady” diýip, bir ýaşaýjy Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşende aýtdy.
"Ýarysy näsag esgerler bilen ýurt garaşsyzlygyny gorap bolmaz"
Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda uly-uly binalary gurdular, ýöne goranyş ulgamy pes, howa goranyşy hem pes ýagdaýda bolmagynda galýar.
Azatlygyň aýry-aýrylykda gürleşen raýatlary Italiýadan satyn alnan harby dikuçarlar, derde ýaramaýan MiG uçarlary, esger sany 30 müňe hem ýetmeýän goşun, ýarysy näsag esgerler bilen ýurt garaşsyzlygyny gorap bolmajakdygyny öňe sürdüler.
Türkmenistanyň ikinji prezidenti ilki häkimiýet başyna gelen döwründe türkmen goşunynyň maddy-üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak pikirleri bilen çykyş etdi, harby paradlarda täze satyn alnan harby enjamlar, täze ýaraglar bilen ýaraglanan esgerler görkezildi. Emma soňky döwürde, türkmen goşunynda çuň ornaşandygy aýdylýan korrupsiýa zerarly, türkmen harbylarynyň işden çykyp, daşary ýurtlara gitmäge barha kän ýykgyn edýändigi habar berilýär.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürleşen harbylaryň sözlerine görä, türkmen hökümeti indi ähli gurluşyklaryny togtadyp, Amerika, Fransiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan ýarag satyn alsa, nädogry bolmaz.
“Esasy howa goranyş ulgamy gaty gowşak, radarlar, zenit raketalar toplumy hiç bolmanda iri şäherlerimizi goramak ukybyna-da eýe däl. Eger-de açyk haýbat atylmagy bu derejede dowam etse, Merkezi Aziýa döwletleri bir harby goranyş ulgamyna geçip, iň bolmanda umumy serhet goşunlaryna eýe bolmaly” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, “Merkezi Aziýanyň öz NATO-syny döretmegi, beýleki zerur ýaraglary edinmegi” barada hem gürrüň edilýär, “ýarag senagaty iň bolmanda Eýranyň potensialyndan az bolmaly däl” diýen pikirler aýdylýar.
"Uly desgalar gurulsa-da, goranyşa az pul harçlandy"
Sebitdäki uran känlerinden netijeli peýdalanyp, ýapon, amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaly, harby uçarlary Türkiýe, ABŞ, Hytaý ýaly ýurtlardan satyn almaly, Amerikanyň howa goranyş ulgamlaryna geçmeli diýen pikirleri aýdýan harbylar köpelýär, Merkezi Aziýa döwletleri Ysraýylyň goranyş ulgamynyň tejribesini ulanmaly, Daşkent, Aşgabat, Astana ýaly iri şäherlerde milliardlarça dollara gurlan desgalar bolsa-da, goranyşa az pul harçlandy diýýärler diýip, habarçymyz ýazdy.
Diňe harbylar däl, beýleki adamlar hem alada galýar, Ukrainanyň ýalňyşyndan netije çykarmaly, duşman geleninden soň ýarag satyn alman, onuň öňünde döwrebap ýaraglar bilen durmaga taýyn bolmaly diýýänler hem bar.
Duginiň öňki sowet respublikalarynyň garaşsyzlygyna garşy aýdan sözleriniň fonunda dörän çekişmeler türkmen goşunynyň düşen aýgyr ýagdaýy barada nobatdaky makalanyň çap edilen wagtyna gabat geldi.
“Turkmen.news” neşiriniň Türkmenistanyň Ýaraglary güýçlerindäki çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, beýleki ýagdaýlary bilen bilelikde, türkmen goşunynda esgerleriň azyk üpjünçiligi hem örän gözgyny bolmagynda galýar.
Azatlygyň habarçylary ‘goşundaky korrupsiýa we açlyk’ barada ençeme ýyl bäri habar berýärler, emma resmiler olary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum