Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we Günorta Koreýa liderleriniň gepleşikleri netijesinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi


Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýoly hormat garawuly bilen garşy alýar. 10-njy iýun, 2024.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýoly hormat garawuly bilen garşy alýar. 10-njy iýun, 2024.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy iýunda Aşgabatda Günorta Koreýanyň prezidenti Ýun Sok Ýol bilen geçiren gepleşiklerinden soň, döwlet saparynyň çäginde, giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler netijesinde, ikitaraplaýyn resminamalar tapgyryna gol çekildi.

TDH döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň sanawyny çap etdi:

  • «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
  • «Türkmengaz» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary «doly taýýar edip gurmak şerti bilen» taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň Eksport-Import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

TDH-nyň maglumatyna görä, resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler we türkmen prezidenti Koreýa Respublikasynyň prezidentine we wekiliýetiň agzalaryna açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG