Paýtagtdan Türkmenabat şäherine gatnaýan otlularda polisiýa işgärleriniň ýolagçylary gorkuzmagy we para talap etmegi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykýar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaý barada gürrüň beren birnäçe paýtagtly we lebaply ýaşaýjy bilen gürrüňdeş boldy.
Türkmenabat–Aşgabat ugry boýunça gatnaýan ýolagçy otlularda soňky aýyň dowamynda syýahat eden ýolagçylaryň birnäçesiniň sözlerine görä, polisiýa işgärleri ýolagçylary dürli bahanalar bilen gorkuzmaga çalyşýar we şeýdip, pul talap edýär. Olaryň sözlerine görä, bu ýagdaýlar otluda işleýän prowodnik ýolbeletleri bilen bilelikde amala aşyrylýar.
“Ilki prowodnik gadagan edilen zatlary satýar ýa-da rugsat berýär. Soň bolsa şol zatlar bahanasy bilen polisiýa işgärleri ýolagçylary gorkuzyp pul alýarlar. Kim garşy çykjak bolsa, derrew ‘protokol’, ‘jenaýat işi’ diýip başlaýarlar” diýip, bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýene bir çeşmäniň sözlerine görä, ýolbeletler çilim çekmek we spirtli içgileri içmek ýaly zatlara özleri rugsat berýärler we şeýdip ganç edýärler. Emma soňky wagtda olaryň 'rugsadyndan' soň polisiýanyň gelip, ýolagçylardan goşmaça pul almagy bilen bagly ýagdaýlar köpelipdir.
“Otlyda gadagan edilen zatlar — çilim çekmek, spirtli içgi içmek ýaly ýagdaýlara belli bir tölegden soň ‘rugsat berilýär’. Prowodnikler ‘bir zat bolsa polisiýa bilen özüm gürleşerin’ diýip ýolagçylary ynandyrýarlar” diýip, çeşme aýtdy.
Ýolbeletleriň ýolagçylara pula satýan hyzmatlary dürli, olaryň arasynda olar goşmaça tölege hatda öz hajathanasyny ulanmaga rugsat berýärler. Ýolagçylar üçin niýetlenen hajathanalar köplenç işlemeýär.
Aşgabat we Türkmenabat arasynda iş saparlary bilen gatnaýan ýolagçynyň sözlerine görä, wagondaky ýolagçylar üçin niýetlenen hajathananyň işlemeýänligi sebäpli, prowodnigiň hajathanasyny ulanmak üçin oňa 20 manat pul bermeli bolýar.
“Wagondaky hajathana işlemeýärdi. Zerurlyk sebäpli prowodnigiň hajathanasyny ulanmak üçin ondan rugsat soralýar. Şeýle ýagdaýlarda pul soralmagy adaty bir zada öwrüldi” diýip, ýolagçy gürrüň berdi.
Türkmenistanyň otlularynda esasy oňaýlyklaryň kemçilik edýändigini, düşekleriň hapadygyny, hajathanalaryň işlemeýändigini, galyberse-de ýolagçylara ýer bolman, olaryň geçelgelerde, dik durup, oturyp, ýa-da ýerde ýatyp syýahat edýändigini habarçylar ençeme gezek habar beripdi.
Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan çeşmeleriň biri Türkmenabatdan Aşgabada barýan otluda ýaňy-ýakynda hut hajathana sebäpli polisiýa tarapyndan basyşa sezewar bolup, pul tölemäge mejbur bolan ýolagçynyň düşen ýagdaýyna şaýat bolupdyr.
Şaýadyň aýtmagyna görä, daňdan sagat 5:00 töweregi otly Aşgabat şäherine ýetip barýarka, prowodnik hajathanadan çilim çekip çykypdyr. Onuň yzyndan ýolagçy hem şol hajathanany ulanyp çykypdyr. Emma hajathananyň gapysynda polisiýa işgäri garaşyp durupdyr.
“Polisiýa işgäri ‘çilim çekýäňmi?’ diýip sorady-da, ýolagçyny başga wagona alyp gitdi. Ol hajathanada çilimi prowodnigiň çekendigini aýtsa-da, muny subut etmek mümkin bolmady” diýip, çeşme gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa işgäri hajathanadan çykanda tutulan ýolagçyny jemgyýetçilik tertibini bozmakda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozmakda we prowodnige töhmet atmakda aýyplapdyr.
“Döwlet işgäri ekeniň, jenaýat işi açarys, iş ýeriňe habar bereris diýip gorkuzdylar. Soň bolsa ‘400 manat goýup gitseň, bu ýerde mesele ýapylar’ diýdiler” diýip, şaýat gürrüň berdi we netijede ýolagçynyň polisiýa işgärine 400 manat berip, saplanandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlar dogrusynda Türkmendemirýollary agentliginden resmi teswir almaga synanyşygy oňyn netije bermedi.
Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, kanun goraýjylaryň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagy we para talap etmegi jenaýat hökmünde kesgitlenýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde para almak, para bermek we para almaga mejbur etmek aýratyn jenaýat maddalary hökmünde görkezilýär.
Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik tertibini bozmak ýa-da jemgyýetçilik ýerinde çilim çekmek ýaly ýagdaýlar administratiw hukuk bozulmalary hasaplanyp, kanun esasynda protokol düzülip, degişli tertipde jerime salmak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.
Emma meseleleri para bilen çözmek ýurt içinde giň ýaýran tejribä öwrüldi. Parahorluk ýurtda durmuşyň dürli ugurlarynda duş gelýär.
Halkara hasabatlarynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda agzalýar. "Transparency International” guramasynyň 2025-nji ýylyň başynda çap eden 180 ýurdy öz içine alýan Korrupsiýa indeksinde Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy diýlip görkezildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum