Türkmenabat şäherinde köçelerde hereket edýän döwlet awtobuslarynyň sany öňküsinden has-da azalypdyr. Şäher ýaşaýjylary jemgyýetçilik transportunyň seýrek gatnamagynyň öz gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýändigini, ýaşaýjylaryň goşmaça çykdajy edip, hususy transportdan peýdalanmaga mejbur bolýandygyny aýdýarlar.
Lebap welaýatynyň administratiw merkeziniň ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, soňky aýlarda Türkmenabadyň köçelerinde döwlet awtobuslary seýrek görünýär.
Türkmenabat şäheriniň “Bahar” etrapçasynyň ýaşaýjysy täze ýyldan bäri S.A. Nyýazow köçesinde döwlet awtobuslarynyň hereketini asla görmändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şäheriň dürli künjeklerine gatnamak üçin indi hususy taksileriň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýar.
“Men her gün diýen ýaly işe ýa-da başga ýerlere barmaly bolýaryn. Döwlet awtobuslaryny görmeýändigim sebäpli, 2 manat tölegli köne awtobuslara ýa-da has gymmat hususy taksilere münmeli bolýaryn. Hatda ‘Saglyk hepdeligi’ ýaly çäreler hem tamamlandy, emma ýagdaý üýtgemedi” diýip, ýaşaýjy aýdýar.
Azatlygyň habarçysy ýagdaýyň sebäplerini anyklamak üçin “Lebap awtoulaglar” birleşigindäki çeşme bilen anonim şertde gürrüňdeş boldy. Çeşme awtobuslaryň ýetmezçiligi ilkinji nobatda ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiliginiň kesilmegi we sürüjileriň köpçülikleýin işden çykmagy bilen bagly diýýär.
“Resmi taýdan döwlet tarapyndan maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Emma bu serişdeleriň nirä gidýändigi näbelli. Netijede, bize ne ätiýaçlyk şaýlary, ne-de tehniki goldaw gelip ýetýär. Sürüjiler bolsa, awtobuslary abatlamak üçin ähli çykdajylary öz hasaplaryna etmeli bolýar. Şeýle şertlerde hiç kim uzak işläp bilmeýär” diýip, çeşme belleýär.
Şäher ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda hereket edýän awtobus ugurlary hem örän çäkli we tertipsiz. Mysal üçin, 6-njy ugur Derýaçylar kiçi etrapçasyndan täze halkara howa menziline bir sagatda diňe bir gezek gatnaýar. 1-nji ugur bolsa diňe irden hereket edýär. 7A ugry diňe duşenbe we anna günleri her iki sagatdan diňe bir gezek gatnap bilýär.
“Awtobuslar bar bolsa-da, olaryň sany örän az. Käbir ugurlarda bary-ýogy iki sany awtobus bolýar. Her birine 70-den gowrak adam münýär. Adamlar biri-biriniň üstünde diýen ýaly gidýär. Şenbe we ýekşenbe günleri bolsa döwlet awtobuslary düýbünden ýok” diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýarlar.
Resmi maglumatlara görä, S.A. Nyýazow köçesi boýunça 6, 1, 10, 7A we 13-nji belgili awtobuslar hereket etmeli. Bitarap Türkmenistan köçesi boýunça 2, 5 we 8-nji marşrutlar hyzmat etmeli. Şeýle-de şäheriň beýleki esasy ugurlarynda 7-nji we 9-njy belgili awtobuslar göz öňünde tutulýar. Emma ýaşaýjylar bu ugurlaryň köpüsiniň diňe kagyz ýüzünde bardygyny belleýärler.
Şeýle-de, çeşmeler Bitarap Türkmenistan köçesi boýunça jemgyýetçilik awtobuslarynyň we minibuslaryň hereketiniň birnäçe ýyl bäri resmi taýdan gadagan edilendigini aýdýar we bu ýagdaýyň "şäheriň iň möhüm ulag damarlarynyň biriniň iş ýüzünde ýapylmagyna getirendigini" belleýär.
Ulag ýetmezçiligi ilkinji nobatda ilatyň maddy taýdan gowşak gatlaklaryna – pensionerlere, maýyplara, okuwçylara we döwlet edaralarynyň işgärlerine agyr zarba bolýar. Sebäbi olar döwlet tarapyndan özleri üçin göz öňünde tutulan ýeňillikli tölegli transportdan peýdalanyp bilmeýärler diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýar.
“Düzgüne görä, biz ýörite kartlary ulanyp, arzan bahadan gatnamaly. Emma häzirki ýagdaýda bu diňe kagyz ýüzünde galýar. Her gezek hususy awtobuslara 2 manat tölemeli bolýar. Bu bolsa biziň ýaly pensionerler üçin uly çykdajy” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Ýaşaýjylar Türkmenabatdaky ulag krizisini diňe tehniki mesele hökmünde däl-de, ulgamlaýyn dolandyryş kemçiligi we maliýe serişdeleriniň netijesiz peýdalanylmagy bilen baglanyşdyrýarlar we döwletiň maliýeleşdirýän jemgyýetçilik ulag ulgamynyň näme sebäpden iş ýüzünde işlemeýändigine düşündiriş alyp bilmeýärler.
Jemgyýetçilik transportyndaky bökdençlikler we awtobus ýetmezçiligi bilen ýurduň beýleki şäherleriniň, şol sanda paýtagtyň ýaşaýjylary hem ýüzbe-ýüz bolýar. Şäherleriň ýeke-täk jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslaryň sany baýramçylyk günlerinde has hem azalýar, transport serişdeleri köpçülikleýin çäreleriň gatnaşyjylaryny gatnatmak üçin ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum