Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda we Maryda tozanly ýel tok, suw we gaz üpjünçiligine zeper ýetirdi


Türkmenistanyň giňişliginde duzly we tozanly ýel soňky birnäçe ýylda yzly-yzyna gaýtalanýar. Dekabr, 2025.
Türkmenistanyň giňişliginde duzly we tozanly ýel soňky birnäçe ýylda yzly-yzyna gaýtalanýar. Dekabr, 2025.

Geçen hepdäniň aýagynda 8-nji we 11-nji ýanwar aralygynda, Lebap we Mary welaýatlarynda güýçli tozanly şemal turdy we ilatly nokatlarda elektrik togunyň, tebigy gazyň hem-de agyz suwunyň üpjünçiligi kesildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu ýagdaýyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine we Çärjew etrabynda we Maryda bolandygyny habar berýärler.

Lebaply ýaşaýjylar birnäçe günläp dowam eden güýçli ýeliň garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny Türkmenistanyň meteorologik gullugynyň şemal barada öňünden hiç-hili habar bermändigini gürrüň berdiler.

“Ozalky tupanlar barada hem habar bermeýişleri ýaly, şu gezek hem habar bermediler. Şäher hem-de etrap ýaşaýjylary gyşyň sowugynda suwsuz, ýyladyşsyz galdylar" diýip, şäheriň Bahar etrapçasynyň ýaşaýjysy 11-nji ýanwarda aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan lebaplylar, häkimiýetler tarapyndan ýagdaýy çözmek boýunça anyk jogabyň we anyk işleriň bolmandygyny aýtdylar.

8-10-njy ýanwar aralygynda gaz üpjünçiligi hem kesilipdir.

Çärjew etrabynyň oba ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, gazyň kesilmegi zerarly ýaşaýjylar gyşyň sowugynda nahary daşarda-ojakda odun ýakyp bişirmeli bolupdyr, öýleri ýylatmak uly mesele bolupdyr.

“Gyş aýynda, tozanly şemalda ojakda nahar bişirmeli bolduk. Öýüň içi sowuk, kondisioneriň ýyladyş sistemasyny ýakaýyn diýsem tok ýok, suw turbalary işlemeýän diýsem gaz ýok. Degişli edaralara jaň etmek hem netije bermedi” diýip, çärjewli ene zeýrendi.

Ýerli telekeçiler tozanly şemalyň şäheriň infrastrukturasyna ýetiren ýaramaz täsiri sebäpli azyk harytlaryny satýan dükanlaryň, garbanyşhanalaryň uly ýitgi çekendigini aýdýarlar.

“6000 manatlyk şöhlat önümleri zaýa boldy. Biz-de ne-de atiýaçlandyryş ulgamy bar, ne-de hökümetden kömek. Ýangyçda işleýän generatory alyp goýmakçy bolsaň hem onuň üçin ýangyç hem tapmak soňky döwür problema” diýip, türkmenabatly dükan satyjysy gürrüň berdi.

Çärjewli dükan satyjysy bolsa, 2500 manatlyk süýt önümleriniň zaýalanandygyny aýdýar.

Tozanly güýçli ýel goňşy Mary welaýatynda hem turupdyr. Bu ýerde tozan gatyşykly güýçli şemally howa 9-njy ýanwarda başlanyp, iki günläp dowam etdi.

"Bir gün öň başlanan güýçli şemal ertesi gün dowam etdi we 10-njy ýanwarda uzak güni tozan ýagdy. Bu tozanyň nireden gelýändigi belli däl. Howanyň tozanlygyndan ýaňa daşary çykan adamlary üsgürdip demini gysdyrýar" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Ýerli saglyk işgärleri hassahana ýüz tutan adamlaryň köp bolandygyny, hassalaryň güýçli kelle agyrydan we dem gysmadan zeýrenendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

"Tozan aýnalardan hem öýüň içine girýär. Öýüň içi hem tozanly. Köp adam öýüň içinde hem maskaly gezdiler. Dem gysmaly adamlar dem almagyň kyndygyny aýdýarlar" diýip, maryly lukman gürrüň berdi.

Güýçli ýel we galyň tozanly ümür ýol hereketine hem ýaramaz täsir ýetirdi. Mary-Aşgabat uly awtoýolunda hereket etmek hem kynlaşypdyr.

"Howanyň tozany bilen hususy awtoulaglar, kireý edýän taksiler ýollaryny zordan gördüler. Awtobanyň ýoluna çölden çäge süýşýär" diýip, maryly sürüji gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, şenbe güni tozanly ýeliň netijelerini ýok etmek üçin ýowar geçirilipdir. Mary şäherinde dynç güni ýowara ähli jemagat gulluklarynyň işgärleri çykarylypdyr. Şeýle-de, ýowara käbir ýerli býujet edaralarynyň işgärleri hem gatnaşdyrylypdyr.

Azatlyk Radiosy Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy hadysalar soňky birnäçe ýylda yzly-yzyna gaýtalanýar.

Duzly we tozanly ýel ýurduň ähli welaýatlarynda we paýtagtynda ençeme gezek boldy. Emma bu tebigy ýagdaýlar barada türkmen hökümeti we döwlet metbugaty tarapyndan agzalmady.

"Türkmenistanyň radio-telewideniýesi ýurduň içinde bolýan tebigy hadysalar barada hiç hili habar bermeýär. Ýurtda alym ýokmuka bu tozanyň näme sebäpden bolýandygyny bir düşündirseler" diýip maryly ýaşaýjy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG