Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenbaşy: Azyk paýlary gijikdirilen ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanyna hüjüm etdi


Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Döwlet dükanynyň öňünde ösümlik ýagynyň nobatyna garaşýan aýallar we çagalar. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. Döwlet dükanynyň öňünde ösümlik ýagynyň nobatyna garaşýan aýallar we çagalar. Türkmenistan.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bir döwlet dükanyndan fewral aýy üçin ýeňillikli azyk paýlaryny alyp bilmedik ýerli ýaşaýjylar dükana we dükan satyjysyna hüjüm etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň 1 belgili döwlet dükanynda ilatyň dört aý bäri yza çekilýän ýeňillikli azyk paýlarynyň ahyrsoňy paýlanjakdygy barada dilden berlen wadalaryň yz ýany, ýerli ýaşaýjylar köp garaşylan azyk önümlerini almak üçin 4-nji iýun, ýekşenbe güni giçlik dükanyň öňünde nobata ýazylyp başlaýarlar.

Bir gijede ýüzlerçe adam azyk nobatyna ýazylýar. Ýerli ýaşaýjylar 5-nji iýun güni irden azyk nobatyna ýazylan adamlaryň sanawynyň has-da köpelendigini aýdýarlar.

Ýeňillikli azyk paýlarynyň hatarynda un we ösümlik ýagy ýaly ilatyň gündelik sarp edýän esasy iýmit önümleri bar.

Ýöne haçan-da döwlet dükany ir bilen öz işine başlanda, nobata ýygnanan adamlar ýene bir gezek öz tamalarynyň puja çykandygyna düşünip galýarlar. Dükan satyjysy bolan aýal maşgala ir bilen işe gelip, ilatyň ýeňillikli azyk paýlarynyň 5-nji iýunda hem paýlanmajakdygyny aýdýar.

Munuň yz ýany, azyk nobatyna garaşyp, halys ýadan adamlaryň hataryndan esasan aýallar dükan satyjysy bilen dawalaşyp, onuň üstüne hüjüm edip başlaýarlar. Şaýatlaryň sözlerine görä, aýallar dükan satyjysyny çekeläp, onuň köýnegini ýyrtypdyrlar.

Satyjy döwlet dükanynyň hökümet tarapyndan ýeňillikli azyk önümleri bilen üpjün edilmedik halatynda, özüniň edip biljek kömeginiň ýokdugyny aýdýar, öz ýagdaýyny düşündirmäge çalyşýar.

Dükanyň öňünde gijesi bilen un we ösümlik ýagynyň nobatyna garaşan adamlar gahar-gazaba münýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň hüjümine sezewar bolan dükan satyjysy ýygnananlara ‘arz-şikaýatyňyz bolsa, häkimlige ýüz tutuň’ diýýär. Şaýlatlara görä, nobata garaşýan adamlardan käbirleri döwlet dükanynyň penjirelerini hem döwüpdir.

Polisiýa güýçleri wakanyň bolan ýerine giç barypdyrlar. Dükanyň töweregindäki kameralar barlanýar. Ýöne, aýdylmagyna görä, dükanda oturdylan kameralar tehniki näsazlyk sebäpli bolan wakany ýazga alyp bilmändir.

Dükan satyjysy özüne hüjüm eden adamlaryň jogapkärçilige çekilmegini, ýerli ýaşaýjylar bolsa ýeňillikli azyk paýlarynyň berilmegini talap edýär.

Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanandygyny öňe sürüp, soňky aýlarda döwlet dükanlaryndaky ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy bilen bagly meseleleri gozgap başlady.

Ýatlasak, aprel aýynda Balkan welaýatynda ýerli häkimiýetler ilat arasynda duşuşyklary geçirip, “bagtyýar we berkarar zamanada” türkmen halkynyň ýeňillikli azyk paýlaryna mätäç däldigini öňe sürüp başladylar.

Hatda şeýle duşuşyklaryň biri Türkmenbaşy şäherinde-de geçirilipdi. Şonda duşuşygyň dowamynda öz hojalygynyň ýeňillikli azyk paýlaryna mätäçdigini aýdan bir mekdep garawuly, ýatlasak, howpsuzlyk işgäri tarapyndan ýygnakdan kowlupdy.

Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtda Aşgabadyň käbir etraplarynda alty aý bäri, käbir etraplarynda bolsa tas iki aýdan gowrak wagt bäri döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleriniň paýlanmaýandygyny habar berdiler.

Ýurtdaky azyk üpjünçiliginiň ýabygorly ýagdaýyny açyp görkezýän ýene bir hadysa apreliň soňky hepdesinde Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda bolup geçdi. Ýerli ýaşaýjylar häkimiýetlere arz-şikaýat bildirip, döwlet dükanlarynda bahasy gymmatladylan çöregiň nyrhyny aşak çekmegi başardylar.

Munuň yz ýany, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda döwlet dükanlarynda azyk paýlarynyň gijikdirilmegine garşy çykan ýerli ýaşaýjylar polisiýa bilen çaknyşdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çaknyşyklarda 15 töweregi protestçiniň saklanandygyny habar berdi.

Protestleriň yz ýany, sebitde Internet aragatnaşygy çäklendirildi, howpsuzlyk güýçleri köçelerde patrullyk edip başlady.

Güýçlendirilýän gözegçiligiň arasynda Köneürgenjiň 30 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän beýleki bir etrapda hem azyk paýlary bilen bagly ýene bir garşylyk hereketi geçirildi. 6-njy maýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň "Goşahowly" we "Aýböwür" geňeşlikleriniň hem-de Peşanalydepe obasynyň ýaşaýjylaryndan ybarat 350 töweregi protestçi etrap merkezine jemlenip, häkimlik binasynyň öňünde döwlet dükanlaryndan fewral aýyndan bäri alyp bilmeýän un paýlaryny talap etdiler.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, hususan-da, eli ýuka maşgalalar döwlet tarapyndan üpjün edilýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar. Ýöne türkmen häkimiýetleri “bagtyýar we berkarar” ýurtda bolçulygyň höküm sürýändigini öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG