Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, sebit howpsuzlygy meselelerini maslahatlaşdy


ABŞ, Türkmenistan baýdaklary
ABŞ, Türkmenistan baýdaklary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji ýanwarda Aşgabatda ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumatyna görä, taraplar sebit durnuklylygy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Habarda amerikan tarapynyň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklara ýokary baha berýändigi bellenýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewiň ABŞ-nyň Guryýer goşunlarynyň ministri Deniel Driskol we Birleşen Ştatlaryň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Serjio Gor bilen duşuşyp, sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça pikir alşandyklary habar berilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG