Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S.Türkmenbaşy şaýolunyň ýene bir bölegi ýapyldy


Aşgabadyň S.Türkmenbaşy şaýolunyň Oguzhan köçesi bilen çatrygy.

Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunyň ýene bir bölegi, ýagny Oguzhan köçesinden Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygyna çenli aralygy abatlaýyş işleri sebäpli ýapyldy.

Ýatladyp geçsek, bu prospektiň Arçabil şaýolundan Oguzhan köçesiniň çatrygyna çenli aralygy eýýäm iki aýa golaý wagt bäri ýapyk bolup, bu ýerde abatlaýyş işleri dowam edýär.

Türkmenbaşy şaýolunyň soňky böleginiň ýapylmagy bilen indi bu prospektiň 6 kilometre golaý bölegi ýapyklygyna galýar. Bu ýagdaý bolsa paýtagtlylaryň gatnawyna ýaramaz täsir edýär.

Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin bir salym ozal aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:10 0:00

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG