Türkmenistan geçen ýyldaky jemi içerki önüm ösüşiniň 6,3% bolandygyny, bu döwürde 12 müň 274 sany täze iş ornunyň döredilendigini aýdýar.
Emma habarda ýurtdaky agyr işsizlik, işsiz we döwlet kömegini alýan adamlaryň, iş gözleýän raýatlaryň, daşary ýurtlara gidip, agyr ýagdaýda maşgalasyny eklemäge çalyşýan zähmet migrantlarynyň sany barada hiç bir zat aýdylmaýar.
Hökümetiň anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde tassyklanylmagyna görä, 2023-nji ýylda daşary ýurtlara 11,4 milliard ABŞ dollaryna barabar türkmen önümi eksport edildi.
Şol bir wagtda, Türkmenistan daşary ýurtlardan import edýän önümleri, şol sanda ýurtda dowamly gytçylyk edýän azyk önümleriniň importy, olaryň bahasy barada maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.
Türkmenistanyň daşary ýurtlara satýan oba hojalyk önümleriniň, şol sanda pagta süýüminiň we dokma önümleriniň mejbury zähmet esasynda, önümçilik prosesine gatnaşýan adamlara dogry-düzüw hak tölemezden öndürilýändigi aýdylýar.
Türkmenistanyň esasy eksporty nebit-gaz önümlerinden ybarat bolup, hökümet satýan energiýa serişdeleriniň bahasy barada ilata açyk maglumat bermeýär.
Resmi habara görä, 2023-nji ýylda 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy.
Abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň çap edýän ösüş sanlaryny sorag astyna alýarlar.