Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji martda Eýranyň halkyna ynsanperwerlik ýüküni ibermek baradaky buýruga çekdi.
Bu buýruga türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-baba dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, şeýle hem Oraza aýy we mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli gol çekilendigi aýdylýar.
Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, ilkinji nobatda, ýurduň çagalaryna iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, beýleki önümlerden ybarat ynsanperwerlik ýüki iberiler.
Türkmen metbugaty Eýranda bolup geçýän wakalar barada ilata anyk maglumat bermekden saklanýar.